Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkymyzyň arasynda her damjasy altyn dänesine deňelýän suwuň gadyr-gymmaty başgaça. Çünki ýaşaýyş-durmuşymyzy suwsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Suw ýaşaýyş üçin esasy zerurlyklaryň biri bolmak bilen, ösümlik we haýwanat dünýäsinde-de dirilik çeşmesi hasap edilýär. Ata-babalarymyzyň «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl», «Daýhanyň hazynasy — ýer, suw», «Damja suwdan tal çykar», «Ýer görki — suw, suw görki — guw», «Suw ýygnanyp köl bolar...» diýen ýaly nakyllaryndan ugur alnyp, häzirki günlerde halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak we onuň gorlaryny goramak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, gurplulygyny ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzda köpugurly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda suwy peýdalanmagyň düzgünlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek boýunça döwlet möçberinde netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Iň çetki obadyr şäherlerimizde hem täze suw desgalarynyň, howdanlaryň yzygiderli gurulmagy, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy daşky gurşawy goramakda, suw serişdelerini aýawly saklamakda, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda aýratyn ähmiýetlidir. Oba hojalyk ekinlerini suwarmakda suw tygşytlaýjy usullar, ýagny, damjalaýyn we emeli ýagyş ýagdyrmak usullary giňden ulanylýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan köpçülikleýin bag ekişlik çärelerinde oturdylan pürli we saýaly agaçlar hem damjalaýyn usulda suwarylýar. Munuň özi suwy tygşytlamak bilen birlikde ekologiýa abadançylygyny üpjün edýär.
Bu işleriň hemmesinde tebigaty goramak hakyndaky kanunlar, şol sanda «Suw hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynda we düzgünnamalarynda görkezilen kadalar berjaý edilýär, şeýle-de ýurdumyzda suwuň sarp edilişiniň anyk mukdary hasaba alynýar. Ýurdumyzda ätiýaçlyk suw gorlaryny artdyrmak maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ekologiýanyň arassa saklanylmagy babatda nusga alarlyk tejribe toplanyldy. Ýerleriň çölleşmeginiň, şorlaşmagynyň öňüni almak üçin iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, şor suwlarynyň bir ýere ýygnalmagy we süýjedilmegi, senagatda, şeýle hem ilatyň zerurlyklaryny üpjün etmekde iň arassa ýangyç bolan tebigy gazyň ulanylmagy, energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň ylmy taýdan özleşdirilmegi we başga-da birnäçe çäreler bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Tebigy gymmatlyklara baý bolan gojaman Hazar deňzini arassa saklamak we onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak goňşy ýurtlaryň bäşisiniň — Türkmenistan, Azerbaýjan, Eýran, Russiýa Federasiýasy we Gazagystan döwletleriniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şol jähtden hem hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Hazar deňziniň we onuň kenarlarynyň hapalanmazlygy bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bu wajyp meseläniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» berk orun alandygyny bellemek gerek.
Ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi, il-günüň bolelin, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda ägirt uly işleri alyp barýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulnur HAÝYDOWA,
«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň
Saýat etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň
agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty