Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, uly üstünliklere beslenýär. Amala aşyrylýan işleriň diňe häzirki däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilmegi guwandyryjydyr.
Şu ýyl hem biziň geljegimiz bolan ýaşlaryň durmuşyna özüniň oňyn täsirini ýetirjek medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň onlarçasy, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi we Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi açylyp ulanmaga berildi. Bularyň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan döwrebap, kämil bilim hem ýaşlar syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Ýaşlar baradaky hemmetaraplaýyn alada olary täze döredijilik üstünliklerine, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine gönükdirilen asylly işlere ruhlandyrýar. Biz muňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda has hem aýdyň göz ýetirdik. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalary, milli gymmatlyklar, däp-dessurlar, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada eden giňişleýin çykyşyny ýaşlar uly gyzyklanma we höwes bilen diňlediler.
Garaşsyzlygyň we berkararlygyň esaslaryny, milli döwletlilik ýörelgelerini berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün edýän, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde ähli ýaşdaky raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň hyzmaty uludyr. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, röwşen geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen belent at berildi.
Alym Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda ýaşlaryň ylym-bilime, pähim-paýhasa, şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine gyzyklanmalarynyň ýokary bolmalydygyna aýratyn ünsi çekýär. Ylym-bilim bilen Watana wepaly gulluk etmegiň beýik mertebedigini aýdýar. Bu pikir many-mazmuny boýunça örän giň we çuňdur. Bu kitap bilen tanşanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza, döwlet gurmakda we ony dolandyrmakda toplanan köpasyrlyk baý tejribämize goýýan uly hormatyny duýýarsyň. Şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitlere hem-de ýaş nesillerimiz tarapyndan ylym-bilime, pähim-paýhasa daýanyp, Watanymyzy gülledip ösdürmek babatda amala aşyryljak ýeneki işlere, ösüşlere has-da guwanýarsyň. Sebäbi geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz diýilýär. “Biz geçmişe daýanyp, geljegi gurýarys” diýip, Gahryman Arkadagymyz örän jaýdar belleýär. Milli Liderimiziň bu çykyşynda türkmen halkynyň taryhyny, türkmeni dünýä tanadan şahsyýetlerimiziň, türkmen jemgyýetiniň, häzirki Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ýeten sepgitleriniň we onuň geljekki ösüşleriniň arasyndaky sazlaşygy görmek bolýar. Biz Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda durmuşymyzyň, ýaşaýşymyzyň ähli ugurlaryny görüp bilýäris.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikleriň özeni bolup durýar. Halkymyz, Milli Liderimiz, hormatly Prezidentimiz agzybirligiň we jebisligiň beýik nusgasyny kemala getirýär.
Ýurdumyzda ynsan üçin, aýratyn hem ýaşlarymyz üçin çäksiz aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz ýaşlar bilen geçen umumy okuw sapagynda-da durmuşa täze gadam basýan ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdebe öwrülen nesil terbiýesiniň on iki görnüşine üns çekdi. Şeýle mekdebi geçen ýaşlarymyza bil baglamak bilen, Milli Liderimiz: «Men ýaşlarymyzyň el-ele berip, yhlasly zähmet çekjekdiklerine, öňde goýlan belent maksatlara ýetjekdiklerine, Watanymyzyň şöhratyny arşa göterjekdiklerine berk ynanýaryn» diýip belledi.
Şeýle beýik ynamy ödäp, döwrebap bilim almak, ylym bilen meşgullanmak, döredijilikli zähmet çekmek ýa-da sportda üstünliklere ýetmek üçin ýurdumyzda ýaş nesle ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz zähmetleri bilen her bir adam, hususan-da, ýaş nesil hakyndaky aladany hemişe duýup ýaşaýarys.
Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, halkyny ýürekden söýüp, bagtyýar, abadan durmuşy üpjün edýän, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Merkezi geňeşiniň başlygy.