Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän, eşretli şu günümize, nurana geljegimize gönükdirilen beýik işleriň, badalga berilýän taryhy tutumlaryň rowaçlyklara beslenýändigi her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Şu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uly dabaralar bilen belleniljek hemişelik Bitarap döwletimizde şeýle ösüş-özgertmeleriň gazanylmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny we ähmiýeti hem örän ýokarydyr.
Öz işini «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda alyp barýan bu ýokary wekilçilikli edara ajaýyp zamanamyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriň, badalga berilýän taryhy tutumlaryň rowaçlyklara beslenmegi bilen bagly oňyn çözgütleriň kabul edilmegine jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň giňden çekilmegini üpjün edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 23-nji sentýabrynda, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem bu ajaýyp hakykat bütin aýdyňlygy bilen dabaralanar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 15-nji iýulda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli ählihalk forumyny ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly meseleler we öňde durýan wezipeler hakynda giňişleýin aýdyp geçdi. «Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak hemişe üns merkezinde bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Hökümeti bilen agzybirlikde iş alyp baryp, döwrüň öňe sürýän wezipelerine öz wagtynda seslenmek, teklipleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri durmuşa geçirmeli» diýmek bilen, bu babatda anyk wezipeleri öňde goýdy.
Taryhy çözgütler kabul ediljek ählihalk forumy ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşyndaky wajyp ähmiýetli syýasy-jemgyýetçilik çäredir. Şu günler giň gerimde görülýän taýýarlyk işleri onuň ýokary guramaçylyga, ruhubelentlige beslenjekdigine güwä geçýär.
Begenç GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ykdysady meseleler
baradaky komitetiniň agzasy.