Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Döwletli geňeşe barýarys
Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň beýik geçmişiniň, bagtyýar şu gününiň we röwşen geljeginiň bitewülik mekdebi hökmünde berkarar döwletimiziň, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň gülläp ösüşlerine gönükdirilen nusgalyk ýörelgelere daýanýar. Halk häkimiýetliligine sarpa, agzybirlik we jebislik döwlet berkararlygymyzyň synmaz sütünleri bolup, ýurdumyzda beýik ösüşleriň gazanylmagynda, ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan döwletlilik ýörelgelerimizdir. Türkmenistanyň syýasy ulgamy türkmen döwletiniň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmekde beýik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde durnukly ösüşe eýe bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda demokratik düzgüne esaslanýar.
Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilip, onda gazanylan üstünlikleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenýär, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Şu ýyl ählihalk maslahaty 23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriler.
Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde 15-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň gün tertibine Halk Maslahatynyň mejlisini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy girizildi. Şunda Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň guramaçylyk topary bilen bilelikde alyp barmaly işleri hakynda maslahatlaryny berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekdi. Bu taryhy maslahatda ýurdumyzyň çar künjeginden wekiller bir ýere jemlenip, döwletli geňeş ederler. Onda ýurdumyzyň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar, öňdengörüjilikli çözgütler kabul ediler.
Türkmenistanda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr, adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Halk häkimiýetliligi Türkmenistanda döwlet, jemgyýet, şahsyýet gatnaşyklarynyň bir bitewüliginiň beýanydyr. 2023-nji ýylyň ýanwarynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesiniň miwesidir. Ol ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alnyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerilip, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döredildi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däplerine, hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik» diýip belleýär.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi halka hyzmat etmekde, onuň bähbitlerini goramakda we jemgyýetde ilerleýji ösüşi üpjün etmekde möhüm ädimdir. Bu Kanunyň 1-nji maddasynda kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Konstitusion kanuna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar.
Türkmenistanyň Mejlisinde hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly taýýarlyk görülýär. Oňa taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Arkadag, Aşgabat şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşykly alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy hemde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde işler sazlaşykly guralýar. Deputatlarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýola goýýarlar. Şeýle-de raýatlardan gelip gowuşýan teklipler, beýleki ýüztutmalar öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan nurlanýan belent tutumlar hemişe rowaç bolsun!
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky
komitetiniň agzasy