Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şu günlerinde halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet üstünlikleri bilen barýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim- paýhasyndan dörän «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheri we beýleki iri taslamalar türkmen binagärlik sungatynyň belent nusgasydyr. Gurulýan binalaryň, şol sanda köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň we mekdepleriň, innowasion saglyk merkezleriniň ilatyň hyzmatyna berilmegi Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny aýdyň subut edýär.Bu ulyözgertmeleriň miwelerini biz Lebap welaýatynda durmuşa geçirilýän işleriň mysalynda hem aýdyň görýäris. Ýerli gurluşykçylarymyz tarapyndan gurlan Aşgabat—Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Beýik Ýüpek ýolunyň halkara ulag geçelgesiniň möhüm halkasydyr. Bu ägirt uly logistik taslamanyň çäginde şu ýylyň 10-njy aprelinde uly dabara bilen açylyp ulanmaga berlen Mary—Türkmenabat awtomobil ýoly sebitiň ösüşiniň we üstaşyr geçelgelerimiziň kuwwatyny has-da berkitdi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda welaýatymyzda ýerli gurluşykçylar tarapyndan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň ençemesi halkymyza ulanmaga berilmegi sebitde täze iş orunlarynyň döremegine hemde ilatyň ýaşaýyşdurmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna uly goşant goşýar. Şu beýik maksatnamalaryň çäginde şu ýylyň dowamynda welaýatymyzda innowasion tehnologiýalar we döwrebap okuw enjamlary bilen doly üpjün edilen täze orta mekdepleriň birnäçesiniň hem ulanmaga beriljekdigini buýsanç bilen bellemek bolar. Bu täze orta mekdepler ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almagyna, ylymly-bilimli, Watana we halka wepaly kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine giň ýol açar. Olaryň ekologiýa taýdan arassa gurulmagy bolsa ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara döwlet derejesinde berilýän uly ünsüň nyşanydyr.
Bilim ulgamyndaky uly taslamalaryň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy geljekki mugallymlaryň döwrebap şertlerde bilim almaklaryna giň mümkinçilikleri döreder. Gurulýan binalaryň dünýä ölçeglerine we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan halkara güwänamalaryň berilmegi türkmen gurluşykçylarynyň yhlasly zähmetine berilýän ýokary bahanyň subutnamasydyr. Gurluşyk taslamalarynyň geriminiň giňemegi bilen bir hatarda, ýurdumyzyň durmuşynda halkyň medeni-ruhy mirasyny goramak we baýlaşdyrmak çäreleri aýratyn orun tutýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty hökmünde biz mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň has-da berkemeginiň hatyrasyna tutanýerli zähmet çekýäris. Halkymyzyň parahat, bolelin we bagtyýar durmuşyny üpjün edýän kanunçylyk binýadyny döretmek biziň borjumyzdyr. Täze açyljak orta mekdepler, döwrebap binalar ýurdumyzyň ykdysady we syýasy kuwwatynyň örän ýokarydygyny bütin dünýä aýan edýär. Biz geljekde hem döwletimiziň gurluşyk we ösüş syýasatynyň kanunçylyk esaslaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda güýç gaýratymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.
Senagat kärhanalarynyň hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi bolsa, mähriban halkymyzyň şatlygyny goşalandyryp, başyny göge ýetirýär. Hereket edýän kärhanalaryň täze döwrebap kärhanalar bilen üstüniň ýetirilip, yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň iş ýüzünde amal edilýändiginiň beýanydyr.
Ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterip, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzüne tanatmakda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Amangeldi HEZZIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Lebap welaýat häkimliginiň baş hünärmeni.