Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
05.08.2026

GARAŞSYZLYK — BERKARARLYK, DÖWLETLILIK WE ÖSÜŞ

Mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk türk­men ta­ry­hy­nyň şan-şöh­ra­ta bes­le­nen iň be­ýik döw­rü­dir. Bu döw­re «ber­ka­rar­lyk döw­ri» di­ýil­ýär. Ber­ka­rarlyk bol­sa asyl ma­ny­sy bo­ýun­ça dur­nuk­ly­lyk, berk­lik, he­mi­şe­lik diý­mek­dir. Ba­ky we sars­maz döw­let­li bol­mak bag­ty­na ýe­ten türk­men hal­kynyň buý­san­jy­nyň ýü­rek­den­di­gi­ni, bu döw­letiň ös­me­gi, beý­gel­me­gi, has ýokary de­re­je­le­re ýet­me­gi üçin ar­man-ýa­da­man zäh­met çek­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny, hö­wes­li­di­gi­ni, hy­juw­ly­dy­gy­ny wagt gör­kez­di. Ga­raş­syz ösü­şiň 35 ýy­lyn­da beýik ta­ryh ýa­zyl­dy. Bu şöh­rat­ly ta­ry­hyň he­mi­şe­lik do­wam et­jek­di­gi­ne bo­lan berk ynam hal­ky­myza tä­ze we be­lent sep­git­le­re ýet­mek­de egsilmez güýç-kuw­wat berýär.

Her döwrüň öz kesgitlemesi, aýratynlygy, derejesi bar. Her halkyň taryhynda nesilleriň ykbalyna täsir edýän zatlar bolýar. Halkyň hakydasy döwürleriň keşbini şol aýratynlyklar esasynda kabul edip, asyrdan-asyrlara geçirýär. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň yhlasynyň, zehininiň, zähmetiniň doly güýjünde ýokary derejede herekete gelmeginiň gözbaşynda döwletliligimiziň durandygyny belleýär. Garaşsyzlyk, onuň beren bagty, açýan giň mümkinçilikleri, olardan döwletimiziň netijeli peýdalanmagy halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz öz ajaýyp kitaplarynda türkmen taryhynyň ähli döwürleri, medeni-ruhy mirasymyz, ata-babalarymyzyň guran döwletleri we döwletlilik ýörelgeleri baradaky gymmatly maglumatlary okyjylara ýetirýärler, häzirki döwür hem-de geljek üçin zerur bolan oňyn, baý tejribeleri ösüşiň çelgisi hökmünde öňe sürýärler. Bu eserlerde döwlet berkararlygynyň esaslary dogrusynda ylmy-jemgyýetçilik, kanunçylyk-hukuk taýdan delillendirilen maglumatlar ýüze çykarylýar. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol maglumatlara syýasy jähetden berýän adalatly, döwürler barada gelýän paýhasly netijeleri Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüş strategiýasynda öz mynasyp beýanyny tapýar. Bu paýhas hazynasynda halkyň orny, beýik derejesi, «millet» diýen düşünjäni belentlige ýetirmekde bitiren deň­siz-taýsyz hyzmatlary baradaky örän çuň­ňur pikirler häzirki döwrüň ruhy ýaşaýşyny sagdynlaşdyrýan, geljege ynamy berkidýän daýanç sütüni bolup orta çykýar. Munuň özi Türkmenistanyň syýasatynyň döwrüň iň ygtybarly döwlet syýasaty hökmünde bir milletiň çygryndan çykyp, dünýä ösüşiniň netijeli ýoly hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz türkmeniň geçmişini, şu gününi we geljeginiň maksatlaryny düýpli seljermek bilen, Garaşsyzlygyň taryhy, syýasy, hukuk, jemgyýetçilik esaslarynyň, durmuş ýörelgeleriniň ruhy, aňyýet, medeni, pelsepe binýadynyň berkden-berk, hemmelere düşnükli, mizemez derejede kemala gelmeginde ägirt uly işleri bitirýärler. Bu beýik işler berkarar döwlet gurmakda esasy şert bolup hyzmat etdi we türkmeniň täze taryhynyň üýtgewsiz ýoluna öwrüldi.

Döwlet syýasatyna halkyň düýpli düşünmegini, çuň­ňur göz ýetirmegini gazanmak ähli ösüşleriň özeni bolup durýar. Bu ugra içgin üns berilmegi bolsa öňe tarap ynamly hereket etmegi şertlendirýän ýagdaýdyr. Halkymyz hemme işleriň we maksatlaryň adamy bagtly etmäge, onuň mertebesini beýgeltmäge, isleg-arzuwlaryny hasyl etmäge gönükdirilýändigini görýär. Bu bolsa döwletliligiň alamaty bolmak bilen, halkymyzyň täze üstünliklere ýetmäge bolan höwesine badalga berýär. «Döwlet» diýen söze «Hökümetiň ýolbaşçylygynda häkimiýete eýelik ediji we ýurdy dolandyryjy edaralar hem-de şol ýurduň özi» diýlip düşündiriş berilse-de, türkmenlerde mal-mülke, uly baýlyga hem «döwlet» diýilýändigi bellidir. Halkymyzyň häli-şindi gaýtalaýan ýagşy dilegi «Döwletiň yrylmasyn!» diýen aň­latmadyr. Ine, şu aň­latmanyň «döwlet» diýen düşünjäniň iki manysyna-da degişlidigini belläp bolar. Halkyň daşynyň galasy bolan berkarar döwletimiziň mizemezligini hem-de her bir maşgalanyň öý-ojagynyň, malmülküniň abatlygy arzuw edilip, «döwlet» sözüniň ulanylmagy türkmeniň ruhy dünýäsiniň gözelligini, arzuw-niýetiniň päkligini aň­ladýar.

Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzyň «Döwletiň yrylmasyn» diýen arzuw-dilegi köküni gadymyýetden alyp gaýdýar. Şeýle mazmunly pikirler teswirlenilende, köp-köp söhbet, ýakymly gürrüň edip boljakdygy-da şonuň üçindir» diýip belleýär we «döwletlilik» diýen düşünjede sylaşyklylygyň, agzybirligiň, jebisligiň, menikliligiň, ýiti üşükliligiň hem-de başga-da köp oňyn häsiýetleri aň­ladýan düşünjeleriň jemlenendigini nygtaýar. Diýmek, «döwletlilik» düşünjesi bagtyýarlygy aň­ladýar. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly belläp geçişi ýaly, döwletine guwanan, di­ňe bir öz öýüniň däl, eýsem, syrgynynyň, obasynyň, asyl gözüniň ýeten ýeriniň abadanlygynyň dileginde ýaşan ata-babalarymyz ynsanyň mertebe beýikligini onuň jemgyýete bolan gatnaşygynda görüpdirler. Milli Liderimiziň bu pikirleri halkymyzyň «il ogly», «kethuda», «iliň öňüne düşýän abraýly, sylagly adam» ýaly düşünjelerinde aýratyn orun berilmeginiň düýp manysyny we sebäbini düşündirýär. Döwletiň berkararlygy, döwletliligiň mizemez binýady halkyň häsiýetleri, garaýyşlary bilen baglydyr. Halk il ogullaryny terbiýeläp ýetişdirmäge çalyşýan, olaryň mertebesini beýgeltmegi ilkinji borç hasaplaýan bolsa, onda şeýle halkyň döwlete, döwletlilige garaýşy-da, gatnaşygy-da kalbynyň iň mukaddes duýgusy bolup durýar. Öz öýüne «döwletli ojagym» diýýän, «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýýän millet berkarar döwletli bolmagy mukaddes hasaplaýar hem-de bu mukaddesligi goramagy hiç pursatda unutmaýar. Şu duýgy bilen nesil ýetişdirmegi iň ilkinji şertdigini ykrar edýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy, beýleki nusgawy şahyrlarymyz, kyssaçylarymyz di­ňe öz döwürdeşleriniň arasynda däl-de, geljekki nesilleriň aňdüşünjesinde hem orun aljak örän çuň­ňur pähim-paýhaslary döredipdirler. Halkymyzyň milli ruhy-medeni mirasy, halk döredijiliginiň umman ýaly tükeniksiz hazynasy millet hökmünde mertebeli ýaşamagyň hiç haçan gymmaty egsilmejek paýhas çeşmesidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň buýsanja beslenen ösüş ýolunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwrebap syýasy-jemgyýetçilik garaýyşlary, döwletlilik baradaky düýpli esaslandyrylan pikirleri ruhy-aňyýet, medeni-ynsanperwer ösüşleri ilerletmekde öňe sürýän ýörelgeleri bilen hasda baýlaşýar.

Durmuş bir duran ýerinde durmaýan, hemişe ösüşde bolan örän çylşyrymly, şol bir wagtda, diýseň sada barlykdyr. Döwletiň berkararlygy maglumat asyrynyň ylmytehnologik ösüşlerini çalt depginde durmuşa ornaşdyrmak bilen birlikde, adamlaryň gündelik durmuşynyň meselelerini, arzuw-isleglerini, zerurlyklaryny hem uly üns we jogapkärçilik bilen ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işlere baglydyr. Bu bolsa döwletiň binýatlaýyn esasynyň mizemezliginiň zerur şertleriniň biridir. Makroykdysady ösüşiň ýokary netijeleriniň halkyň gündelik durmuşyna anyk ýagdaýdaky oňyn täsiri döwlet berkararlygynyň esasy görkezijileriniň biridir. Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň dünýäde ykrar edilmeginiň ilkinji şertleriniň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» hem-de hormatly Prezidentimiziň «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen çuň­ňur manyly şygarlary esasynda alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň ýurdumyzda döredýän ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejesi bilen baglydyr.

Ýurdumyzyň döwletlilik ýoly bagtyýarlygy, berkararlygy üpjün etmäge gönükdirilen ýoldur. Ol döwletimiziň ösüşlere tarap okgunly hereketiniň üýtgewsiz çelgisidir. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Ýollar näme üçin gerek? Bu juda ýönekeý ýaly bolup görünýän sowalyň jogaby düýpli meseleleri öz içine alýar. Ýollar öz maksatlary­ňa tarap ynamly gitmek üçin gerek! Dünýäniň abadançylygy hem halklaryň eşretli ýaşaýşy üçin gerek!.. Ine, şundan hem biziň beýik maksatlarymyz, bitirýän işlerimiziň manysy görünýändir».

Maksatlar, bitirilýän işler berkararlyk döwrüniň beýikligini bütin dünýä äşgär edip, halkymyzyň mertebesini belende galdyrýar. Bu günki gün Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bitiren, bitirýän işlerini birin-birin sanap çykmak aň­sat däl. Türkmenistan diýlende, ilkinji nobatda, ýyllarboýy dynuwsyz alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklar, amala aşyrylýan ägirt uly taslamalar, dünýäniň çar künjegine uzaýan söwda-ykdysady ýollar, täze, döwrebap obalardyr şäherler göz öňü­ňe gelýär. Şeýle ýakymly garaýyş eýýäm halkara jemgyýetçilikde döredi we pugtalandy. Çünki Türkmenistanyň ykdysady, oba hojalyk, senagat, telekeçilik ulgamlary öz ösüşleri bilen halkara bazar gi­ňişligine barha giň­den aralaşyp başladylar. Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk, senagat we tehniki önümlerimiziň hyrydarynyň dünýä bazarlarynda yzygiderli artýandygy baradaky maglumatlar halkymyzyň bu ugurdaky işjeň­ligini we ynamyny has-da artdyrýar.

Türkmenistan maliýe-ykdysady, önümçilik serişdelerine, çig mallara örän baýdyr. Döwletimiz bu serişdeleriň ýerlikli, netijeli ulanylmagy, halkyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmegi barada oýlanyşykly, parasatly syýasaty alyp barýar. Durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalarynyň hem-de özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda gaýtadan işläp, gymmatly önümleri öndürýän innowasion toplumlar döredi. Sement, aýna, demir-beton ýaly gurluşyk serişdelerini öndürýän kuwwatly pudak kemala geldi, dokma pudagynyň önümleri bolsa dünýä bazarynda ýörgünli haryda öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümleriň täze görnüşlerini öndürmegi ýola goýduk. Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly önümçilik kärhanasyna öwrülen bu zawodlar toplumynda işlenip taýýarlanylýan nebit koksundan türkmen grafitini almak soň­ky ýyllarda özleşdirildi. Grafit we ondan alynýan önümler nebitgaz, atom, metallurgiýa, himiýa, kosmos pudaklarynda işjeň ulanylýar» diýip belleýär. Döwrebap, kuwwatly önümçilik toplumlarynyň giň düzümleriniň gurulmagy Watanymyzy dünýäde ösen döwletleriň de­ňine ýetirmekde uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle ösüşler hakdaky seljermeler ýene bir hakykaty ýüze çykarýar. Bu hakykat ägirt uly ösüşlere ýetmegiň gözbaşynyň Garaşsyzlykdygyny, döwletlilik ýörelgesidigini, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarydygyny, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän paýhasly syýasatydygyny has aýdyň görkezýär. Goý, bu ajaýyp hakykat halkymyzyň ýoluna hemişe şöhle saçsyn!

Ata SERDAROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň

başlygy, Mejlisiň deputaty.