Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
06.08.2026

GEŇEŞLI IL — ÖSÜŞLI IL

Döwletlilik türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp, milli ýörelgelerimize ornan mukaddes gymmatlygydyr. Taryhdan belli bolşy ýaly, bu gymmatlyk agzybir, jebis halkyň, asuda, abadan ýurduň nesibesindedir. Şonuň üçin hem parasatly ata-babalarymyz «Agzybir ile döwlet gonar», «Il birikse — köňül galkar» ýaly pelsepeleri elmydama öňe sürüpdirler. Şol dana nesihatlar şu günki günümizde hem berkarar Watanymyzyň döwlet syýasatynyň, jemgyýetçilik ösüşiniň we nurana geljege bolan ynamly ädimlerimiziň berk binýadyny düzýär.

Şöhratly taryhymyza göz aýlanymyzda türkmen halky il-ýurt bähbitli möhüm meseleleriň çözgüdini il-gün bilen maslahatlaşyp kabul edipdir. Maslahatlaşyp tutulan tutumlarda rysgal-bereket bar. Il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň kepili, döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanmasy bolup her ýyl ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň geçirilmegi pederlerimizden miras galan halk häkimiýetliliginiň berkarar döwletimizde täze mazmun bilen dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ösüşiň täze tapgyrynyň binýadyny goýdy. Taryhy mejlisde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça öňde duran wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzda gazanylan zähmet üstünliklerini aýratyn belledi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmeklige çagyrdy. Taryhy mejlisde Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna we şanly ýylyň baýramçylyk dabaralaryna guramaçylykly girişmek bilen bir hatarda halal zähmeti bilen il arasynda uly abraý gazanýan ildeşlerimizi döwlet derejesinde sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň şanyna geçiriljek dabaralaryň, halkara ähmiýetli sergileriň, ylmy-amaly maslahatlaryň, milli bäsleşikleriň meýilleşdirilendigi hem aýdyldy. Halkymyzyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atçylyk sungatyna hem-de behişdi bedewlerimize bagyşlanan bu çäreler milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda, ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermekde uly ähmiýete eýedir. Bu beýik tutumlardan biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem aýratyn ruhlanýarlar. Häzirki günlerde welaýatymyzyň ähli şäherdir etraplarynda, oba-kentlerinde, önümçilik we medeniýet ojaklarynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak ugrunda aladalanylýar. Welaýatymyz boýunça ýaýbaňlandyrylan köptaraply guramaçylyk we döredijilik işleri halkymyzyň ruhy galkynyşynda, zähmet ýeňişlerinde hem-de jemgyýetçilik agzybirliginde öz beýanyny tapýar. Zähmetkeş ildeşlerimiziň gazanýan üstünlikleri, gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap binalar, oba-şäherlerimiziň täze keşbi hem-de medeni-jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan tutumly işler ynsanlaryň halal zähmetiniň we il-günüň agzybirliginiň miwesidir. Sebäbi ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly özgertmeleriň her biri, ilki bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Bu beýik ösüşleriň, il-günümiziň parahat, agzybir we bagtyýar durmuşynyň göz başynda bolsa hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer syýasaty durýar. Şeýle belent maksatlara ýugrulan syýasatyň netijesinde ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýar. Halkymyzyň agzybirligi bolsa beýik geljegimiziň berk binýadyny düzýär. Ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dünýä ýüzündäki dabaralanmasy bolup, bütin halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarar. Bu döwletli geňeşde kabul ediljek taryhy kararlar bolsa halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirilip, agzybirligimiziň hem-de berkararlygymyzyň dünýä ýüzündäki dabaralanmasyna öwrüler. Bagtyýar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda düýpli özgertmeleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Amangeldi HEZZIÝEW,

welaýat häkimliginiň baş hünärmeni,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.