Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyňGalkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek, belent sepgitlere ýetirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyna şaýat bolmagyň özi bagtyýarlykdan nyşandyr. Diýarymyzyň sebitlerinde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap şäherçeler we obalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, iri önümçilik desgalary, Köpetdagyň eteginiň taryhy künjeginde bina bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry, ak mermerli paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan ymaratlar her birimizde çäksiz buýsanç döredýär.
Iri binagärlik-gurluşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ildeşlerimiziň durmuş derejesine oňyn täsirini ýetirmek bilen, täze iş orunlaryny döretmekde, ýaşlar syýasatyny ösdürmekde, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 —2052-nji ýyllarda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda netijeli işleriň durmuşa geçirilmelidigi barada aýratyn durup geçmegi ýurdumyzda durmuş syýasatynyň has-da rowaçlanjakdygynyň buýsandyryjy güwäsidir.
Bilşimiz ýaly, 23-nji sentýabrda — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, ýerine ýetirilenişleriňjemi jemleniler, döwrüň talaplaryndan, ykdysady şertlerden ugur alnyp, täze taryhy döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Şonuň bilen baglylykda, welaýatymyzdabujemgyýetçilik-syýasy çärä ykjam taýýarlyk görülýär. Häzirki günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, düşündirmekde alnyp barylýan işler işjeňlige eýe bolýar.
Ýerlerde geçirilýän wagyz-nesihat maslahatlarydyr duşuşyklara, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklere gatnaşýan ildeşlerimiz beýik döwrümiziň öňegidişiklerine, ýurdumyzyň ajaýyp ösüş-özgertmelerine çäksiz buýsanýandyklaryny, umumymilli foruma gyzyklanmalarynyň örän ýokarydyklaryny uly şatlyk we hoşallyk bilen belläp geçýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşygy babatda toplan tejribesine, döwletlilik ýörelgelerine, asylly däplerine uly ähmiýet berýän, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris.
Gurbangözel MUHAMMEDOWA,
Kaka etrabyndaky ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň müdiri,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.