Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baş tutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmakda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alýan ynsanperwer içeri we daşary syýasaty netijeli amala aşyrylýar. Döwlet dolandyryşyny demokratiýalaşdyrmak, durnukly ösüşi üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek, milli, medeni we ruhy mirasymyza daýanmak bilen, türkmen halkynyň öz häkimiýetini wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrmagyny üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
10-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda möhüm tabşyryklary berdi. Elbetde, munuň özi milli demokratiýanyň döwrebap röwüşde amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Halk Maslahatynyň esasy maksady ata-babalarymyzyň asylly wesýetlerine wepalylygymyzyň nyşany bolan, türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döw let we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge, ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmäge, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgelere esaslanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda 15-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kararlaryna golçekdi we onuň taryhy hem-de syýasy ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitläp berdi. Bu kararlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi hem-de ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we düzümi tassyklanyldy.
Ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň esaslaryny kesgitleýän Konstitusiýanyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk bolsa döwlet häkimiýetiniň ýeketäk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýada wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Halkylyk Türkmenistan döwletiniň häsiýetli aýratynlygydyr. Halkylyk döwletiň, jemgyýetiň, şahsyýet gatnaşyklarynyň bitewüliginiň beýanydyr. Munuň özi halka hyzmat etmekde, onuň bähbitlerini goramakda we bütin jemgyýetde ilerleýji ösüşleri üpjün etmekde möhümdir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň kabul edýän çözgütleri örän ähmiýetlidir. Çünki häzirki döwürde bedew batly ösüşli zamanamyzda Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde, halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgelerinde jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklary hukuk esasynda guralýar. Kanuna esaslanýan gatnaşyklar hemmeleriň jogapkärçiligine we kanunyň talaplaryny berjaý etmegi borç edinendiklerine daýanýar. Türkmenistan döwleti häzirki wagtda gurýar, döredýär, kämilleşýär. Gurujylyk, döredijilik onuň baş ýörelgesi bolup durýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde garaýar. Halk häkimiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleri döwlet gurluşynyň sazlaşygyny kesgitlemek bilen, ýurdumyzyň durnukly ösüşine milli özboluşlylygy berýär. Nesilleriň tejribesini beýan edýän ynsanperwer gymmatlyklar jemgyýetiň pugtalandyryjy düzümi bolup durýar. Bu asylly däplerde, türkmen döwletliliginiň gözbaşynda durýan çuňňur ynsanperwerlik, döwletiň we raýatlaryň jebisligi, agzybirligi, olaryň özara täsiri we hyzmatdaşlyk hereketleri öz beýanyny tapýar.
Türkmenler gadymy döwürlerden bäri ygtyýarly jemgyýetçilik we killeri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, olaryň iň wajyp syýasy-ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky paýhasly maslahatlaryna ýokary baha beripdirler. Halkyň wekilleriniň pikir alyşmagynyň durmuşykdysady, jemgyýetçilik syýasy ösüşe oňyn täsir edýändigine bolsa ylmy-nazary garaýyşlar hem-de taryhy tejribe şaýatlyk edýär. Halkymyzyň taryhy hakydasynda saklanyp galan we milli özboluşlylygyny beýan edýän asylly däpleriň häzirki wagtda döwrebap dowamyny tapýandygyny aýtsa bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty adamzat jemgyýetiniň ösüşindäki ýetilen sepgitleri, türkmen halkynyň taryhy hem-de milli mirasyny, häzirki zaman tejribesini hasaba almak we olary döwrümiziň nukdaýnazaryndan özleşdirmek esasynda işlenip düzülen ynsanperwer garaýyşlaryň ulgamydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde, üstünlikli geçirilmegine gönükdirilen resminamanyň kabul edilmegi Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň şöhlelendirýär.
Kanunlarymyzyň döwrebap kämilleşmegine ýol-ýörelge görkezýän, ata Watanymyzy gülledip, halkymyzy agzybirlikde ak ýollar bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimize, halkymyzyň Milli Liderine alkyşlarymyz bimöçberdir!
Serdar DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we
öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek
baradaky komitetiniň agzasy.