Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
06.08.2026

HALK MASLAHATY — DÖWLETLILIK ÝÖRELGESINIŇ NUSGASY

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen 2026-njy ýyl ýurdumyzyň taryhyna girjek möhüm ähmiýetli syýasy wakalara beslenýär. 15-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalar kabul edildi.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredil­di we­ ­ onuň düzümi tas­syk­la­nyl­dy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna Mejlis bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde wela­ýatlaryň, etraplaryň hem-­de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk­-usulyýet taýdan ýardam bermek we bu işleri utgaşdyrmak tab­şy­ryl­dy. Şeýlelikde, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çyly­gyn­da ge­çi­ri­len, döw­let­li çöz­güt­ler kabul edi­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­sin­de 2026­-njy ýyl­da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga beril­di.

«Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty hakyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on kanu­ny­nyň­1­-nji mad­da­syn­da bel­le­ni­li­şi ýaly, döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­ri çöz­mä­ge, ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gertme­le­riň we dur­muş-­yk­dy­sa­dy mak­satna­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne halk köp­çü­li­gi­ni giň­den çek­mek, tek­lip­le­ri işläp taý­ýar­la­mak, mas­la­hat­la­ry ber­mek, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, bi­te­wü­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni, asu­da­ly­gy­ny, aba­dan­çy­ly­gyny ber­kit­mä­ge hem­-de Ga­raş­syz, he­mişe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň tä­ze dö­wür­de be­ýik öz­ge­riş­ler ýo­ly bi­len dep­gin­li ösme­gi­ne, has-­da kuw­wat­lan­ma­gy­na ýardam ber­mek, hyz­mat et­mek Türk­me­nista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň baş mak­sa­dy we esa­sy we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýar. Berka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­kyny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň ösü­şi tä­ze sep­git­le­re çyk­ýar. Döwletimiz her bir ýy­lyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä sy­ýa­sy-­ykdy­sa­dy, me­de­ni-­yn­san­per­wer ugurlary ba­bat­da se­bit­le­ýin we hal­ka­ra çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­ýär. Paý­tag­ty­myz we äh­li se­bit­ler­de şeý­le ýo­ka­ry de­re­je­li çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin dur­mu­şa ge­çi­rilýän iş­ler, bir ta­rap­dan, gu­ral­ýan mas­lahat­la­ryň ýo­ka­ry hi­li­ni üp­jün et­se, beý­leki bir ta­rap­dan, ýur­du­myz­da bar bo­lan dur­muş gör­ke­zi­ji­le­ri bi­len myh­man­la­ryň ta­nyş­ma­gy­na müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Bu ýag­daý ýur­du­myz­da ada­myň we ra­ýa­tyň bäh­bi­di­ne dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ha­ýyr­ly we so­gap­ly iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ni dün­ýä wagyz et­mä­ge zerur şert­le­ri üp­jün ed­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz dün­ýä­niň 161 döw­le­ti bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şygy ýo­la goý­dy, şeý­le hem 55 sa­ny iri hal­kara gu­ra­ma­nyň, il­kin­ji no­bat­da, BMG we onuň dü­züm bir­lik­le­ri­niň işi­ne gat­naş­ýar. Bu gör­ke­zi­ji­ler ata Wa­ta­ny­my­zyň halka­ra gün ter­ti­bin­de dur­ýan me­se­le­le­riň oňyn çöz­gü­di­ni dur­mu­şa ge­çir­mek ugrun­da baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mä­ge giň meý­dan­ça­ny dö­red­ýär. Şu­ ýyl­ Türk­menis­tan GDA-­da baş­lyk­lyk ed­ýär. Ýur­dumy­zyň Ar­ka­la­şyk­da baş­lyk­lyk et­me­gi­niň çäk­le­rin­de şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri dür­li ge­ňeş­le­riň, ko­mis­si­ýa­la­ryň mej­lis­le­ri we beý­le­ki du­şu­şyk­la­ry gu­ral­ýar. Türk­menis­ta­nyň 2026-­njy ýyl­da Ga­raş­syz Döwlet­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da baş­lyk­lyk et­me­giniň Kon­sep­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy üs­tünlik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň hoş­me­ýil­li er­ke, öza­ra hor­mat goý­ma­ga, yna­nyşma­ga esas­lan­ýan deňhu­kuk­ly öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­ga üýt­gew­siz yg­rar­ly bol­mak­la­ry se­bit de­re­je­sin­de hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça de­ňag­ram­ly ös­dü­ril­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ar­ka­la­şy­ga baş­lyk­lyk et­me­giniň çäk­le­rin­de gu­ral­ýan iş­le­riň çä­gin­de ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek ýo­ka­ry de­re­je­li sam­mit­ler se­bit­le­ýin go­şu­lyş­mak syýa­sa­ty­nyň ke­pi­li bo­lup çy­kyş ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk dö­redi­ji­lik sy­ýa­sa­ty­ny gol­da­mak ba­bat­da goň­şy we se­bit ýurt­lar il­kin­ji no­bat­da, işjeň sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler. Muňa my­sal hök­mün­de 2026­-njy ýy­lyň­ 8-nji okt­ýabryn­da ýur­du­myz­da ge­çi­ril­me­gi meýil­leş­di­ril­ýän Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gyny gör­kez­mek bo­lar. Ýag­ny, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň go­şul­ma­gy bi­len tä­ze sy­ýa­sy gör­nü­şe eýe bo­lan bu hyz­matdaş­lyk gat­na­şyk­la­ry Ha­zar se­bi­ti­niň artýan sy­ýa­sy-­dip­lo­ma­tik, söw­da-­yk­dy­sa­dy or­nu­ny has­-da ber­kit­mä­ge ýar­dam eder. 9-­njy okt­ýabr­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­niň ge­çi­rilme­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu sam­mit­ler ýy­lyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da baş­lyk­lyk etme­gi­niň Kon­sep­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çirmek bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da amala aşyrylan iş­le­riň ne­ti­jele­ri­ni özün­de jem­lär.

Döwletimiz Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň çäk­le­rin­den geç­ýän De­mir­ga­zyk­—­Gü­norta, Gün­do­gar­—­ Gün­ba­tar ulag ge­çelge­le­ri­ni ös­dür­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar deňzi se­bi­ti­ni kuw­wat­ly ulag mer­ke­zi­ne öwür­mek boýun­ça baş­lan­gyç­la­ry dost­luk­ly döw­letle­riň ara­syn­da söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ha­ryt­la­ry Gü­nor­ta Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň ba­zar­la­ry­na çy­kar­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Bu hyz­matdaş­lyk se­bi­tiň ge­og­ra­fik ar­tyk­maç­lyk­lary­ny yk­dy­sa­dy aba­dan­çy­ly­gyň anyk gura­ly­na öwür­ýär. Söw­da­-yk­dy­sa­dy ul­gam iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň bin­ýa­dy bo­lup çy­kyş ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu gu­ra­ma gat­na­şy­jy döw­le­tleri­ň ara­syn­da öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň yzy­gi­der­li art­ma­gy mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Di­ňe bir dur­muş­-yk­dy­sa­dy ösüş gör­ke­zi­ji­le­ri däl, eý­sem, yn­san­per­wer we eko­lo­gi­ýa ul­gam­la­ry hem Türk­me­nis­ta­nyň GDA-nyň çäk­le­rin­dä­ki gün ter­ti­bin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Ýur­du­myz se­bit­de bar bolan Aral me­se­le­si­ni çöz­mä­ge iş­jeň gatna­şyp, «ýa­şyl» dip­lo­ma­ti­ýa, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak bi­len bagly baş­lan­gyç­la­ry yzy­gi­der­li öňe sür­ýär. Türk­me­nis­tan Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­giýa me­se­le­le­ri­ne uly üns ber­mek bi­len, möhüm baş­lan­gyç­la­ra ähmiýet berýär. Şunuň bi­len bag­ly­lyk­da,­ 7-­nji okt­ýabr­da Awa­za­da Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa­sy bi­len bag­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça Ha­zarýa­ka döw­let­le­riň mi­nistr­ler de­re­je­sindä­ki du­şu­şy­gy­ny gu­ra­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­leriň äh­mi­ýe­ti­ni jem­gy­ýet­çi­li­ge gi­ňiş­le­ýin hem­-de düýp­li dü­şün­dir­mek, Halk Masla­ha­ty­nyň hu­kuk ýag­da­ýy­nyň, onuň wezi­pe­le­ri­niň we borç­la­ry­nyň hem­me­ler üçin aý­dyň bol­ma­gy­ny ga­zan­mak bi­len bag­ly wa­gyz­-ne­si­hat we dü­şün­di­riş işle­ri­ni ge­çir­mek, eziz Diýarymyzyň ähli ugur­lar bo­ýun­ça de­ňag­ram­ly ösü­şi­ni ga­zan­mak ug­run­da mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly Türk­me­nista­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň öňün­de hem anyk wezipe­ler durýar. Hal­kyň wekil­le­ri hök­mün­de ýurdumyzda durmuşa ge­çi­ril­ýän mak­sat­na­ma­la­ryň ýerine ýetirilmegi­ne halk köpçüligini giňden çekmek, ilat­dan we de­giş­li ugur­da iş alyp bar­ýan hü­när­men­ler­den, bi­ler­menler­den gel­jek teklipleri işläp taýýarlamak ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­haty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz biziň öňümizde be­lent borç­la­ry kes­git­le­di.

2026-­njy ýy­lyň 23­-nji sent­ýab­rynda ge­çi­ril­jek umu­my­mil­li fo­ru­myň işi­ne üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­ris. Türk­me­nista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de ka­bul edil­jek çöz­güt­ler ýurdu­my­zyň gel­jek­ki ösüş­le­ri­niň gö­nez­li­gi bo­lar. Watanymyzyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny ýyl­sa­ýyn tä­ze sep­git­le­re ýe­tir­ýän, ähli ugur­lar bo­ýun­ça ös­dür­me­giň uzak gel­je­gi­ni aý­dyň kes­git­le­ýän hem­-de be­ýik mak­sat­la­ra ýet­mek ug­run­da ynsan­per­wer döw­let sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, be­lent baş­la­ry aman, il­-ýurt bäh­bit­li döw­let­li tu­tum­la­ry he­mi­şe rowaç bol­sun!

Ke­rim­gu­ly GEL­DI­ÝEW,

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň deputaty,

Mejlisiň Hal­ka­ra we par­la­men­ta­ra ara­gat­na­şyk­lar

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy.