Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň dürli pudaklarda gazanýan beýik ösüşleri, özgertmeleri türkmeniň uçar ganaty bolan bedewiň badyna deňelýär. Taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly uly zähmet üstünlikleri, ýokary netijeler bilen jemlenip, öz ornuny Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýylyna berdi. Halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen atlandyrylan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna orun berdi. Pähimdar pederlerimiziň «Günüň gelşi säherinden, ýylyň gelşi äheňinden bellidir» diýşi ýaly, ýylymyzyň şygarynda türkmen halky üçin şeýle gymmatly düşünjeleriň orun almagy bolsa üstümizdäki ýyl-da Watanymyzyň şöhratyna şöhrat, şanyna şan goşjak beýik işleriň durmuşa geçiriljekdiginden habar berýär. Türkmen ahalteke bedewi – döwletliligiň, ýyndamlygyň, wepalylygyň, owadanlygyň nyşany. Aýlawa goşulan her bir bedewiň ümzügi ileri, nazary alysda, maksady pellehanadan ilkinji bolup geçmek. Atyň şöhraty eýesine, seýsine, çapyksuwaryna üstünlik, ýeňiş getirmekde jemlenen.
Gahryman Arkadagymyz «Menziller bedew bilen aşylýar» diýip belleýär. Ajaýyp syn-sypatly ahalteke bedewleri geçmişde menzil aşmagyň, täze taryhy eýýamymyzda bolsa üstünligiň, maksatlary myrada, arzuwlary wysala gowşurmagyň serişdesi hökmünde garalýar. Ata-babalarymyz aty baryň uzak menzilleri aşjakdygyny, maksat-myradyna gowuşjakdygyny «At – myrat» pähiminde beýan edipdir.
Ýylymyzyň nyşanynda hem aýlawlary baglan bedewiň toý bagyny kesip barýan şekiliniň ýerleşdirilmeginiň uly manysy bar.
Ahalteke bedewi halkymyza taryhyň islendik döwründe hem döwletlilik we üstünlik getiripdir. Ajaýyp zamanamyzda meşhur Akhanyň çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçmek bilen görkezen dünýä rekordy älem-jahany haýrana goýdy. Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda alty gezek baş baýraga mynasyp boldy. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýýän hormatly Prezidentimiz bedewlere aýratyn sarpa goýýar. Bedewlere ömürlerini baglan watandaşlarymyzyň çekýän asylly zähmetleriniň sarpalanyp, hormatly atlardyr döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy bolsa, olary has-da önjeýli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygy, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi bilen halkara derejesindäki maslahatlardyr duşuşyklaryň birnäçesi geçiriler.
Orazgeldi SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Daşky gurşawy goramak,
tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat
toplumy baradaky komitetiniň agzasy.