Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
20.08.2026

OKGUNLY ÖSÜŞLER DOWAMAT-DOWAM

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň ýaňy-ýakynda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmek, halk bähbitli we döwlet ähmiýetli meseleleri halk köpçüligi bilen bilelikde çözmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Berkarar döwletimizde her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna gabatlanyp Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi bolsa bu wezipeleri üstünlikli çözmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy kuwwatly, ösen döwlete öwürmek, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ugrundaky beýik başlangyçlary döwrümize şan getirýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgä eýerilip, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek, geljekki nesilleriň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Her ýyl geçirilýän bu syýasy-jemgyýetçilik forumda il-ýurt bähbitli oňyn özgertmeleriň düýbüniň tutulmagy, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň birnäçesiniň kabul edilmegi halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşýar. Ýagny döwletimiziň milli däplere daýanýan we häzirki zaman öňdebaryjy ýörelgelerini özünde jemleýän özbaşdak ösüş ýolunda halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen döwletli tutumlaryň düýbi tutulýar . Aýratyn hem ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky aladalaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy, bu ugurda asyrlara barabar işleriň alnyp barylmagy has-da guwandyryjydyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ylmy-kliniki merkezleriň, sport we sagaldyş toplumlarynyň, köpugurly hassahanalaryň birnäçesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi halkyň saglygyny goramaga, sagdyn jemgyýeti berkarar etmäge gönükdirilendir. Lukmançylyk ylmyny ösdürmek ugrundaky aladalar bolsa saglygy goraýyş ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmegi we özgertmegi öz içine alýar. Ýylsaýyn täze belentliklere eýe bolýan şeýle beýik özgertmeleriň iş ýüzündäki beýanyny biziň welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralarynda ýokary derejede ýola goýlan lukmançylyk hyzmatlaryň mysalynda hem görýäris. Saglyk öýlerinde we merkezlerinde dünýäniň iň kämil anyklaýyş, bejeriş enjamlarynyň oturdylmagy bu möhüm ulgamyň işiniň hilini dünýäniň ösen derejesine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýyllarda geçirilen mejlislerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň kabul edilmegi netijesinde sagdyn we başarjaň nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga gönükdirilen işler durnukly häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa ynsan saglygyny goramak, halkymyzyň röwşen geljegini berkarar etmek ugrundaky aladalaryň hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda hem ilkinji orunda durýan meseleleriň biridigini görkezýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejede bolmagy, sportuň ildeşlerimiziň gündelik durmuşynyň bir bölegine öwrülmegi, saglygy goraýşyň milli ulgamynyň döredilmegi, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, zähmet bilen dynç alşyň netijeli utgaşdyrylmagy sagdyn we bagtyýar jemgyýeti gurmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň beden saglygyny we ruhy ösüşini üpjün etmek boýunça-da toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýagny enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek, maşgala medeniýetini kämilleşdirmek işleri biziň welaýatymyzda hem giňden ýaýbaňlandyryýar. Gündogar sebitde eneler we çagalar üçin niýetlenilen saglygy goraýyş merkezleriniň maddy üpjünçilik ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagy, keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň öz wagtynda edilmegi, ýaşlaryň arasynda olaryň sagdyn ösüp ulalmaklaryna gönükdirilen dürli mazmunly çäreleriň we toplumlaýyn işleriň geçirilmegi, ähli saglygy goraýyş we dynç alyş merkezlerinde ilata ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy netijesinde döwletimiziň nurana geljeginiň binýady berkidilýär. Şeýle döwrebap şertlerde zähmet çekýän lukmanlar hem özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanyp, eziz Diýarymyzda sagdyn we bagtyýar maşgalalaryň kemala gelmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygyny goramak ugrundaky döwletli başlangyçlarynyň mynasyp dowamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmelerde hem öz beýanyny tapýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde gurlan sebitde deňi-taýy bolmadyk köpugurly hassahanalarda keselleri anyklamak we bejermek, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitlerden habar berýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynda dowamly amala aşyrylýan bu işler ynsan saglygyny berkitmäge, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisinde hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen ýene-de birnäçe oňyn wezipeleriň kesgitlenilmegine garaşýarys. Şeýle beýik işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Gadam HEMRAÝEW,

welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň

başlygynyň orunbasary,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.