Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
21.08.2026

ÖSÜŞIŇ TÄZE BELENTLIKLERINE BADALGA

Wagtyň synagyndan geçen däp-dessurlar halkyň durmuş ýörelgesine öwrülýär. Pederlerimiz iliň sözüne eýermegi, köpüň ugruna ýykylmagy dogry bilip, gadymy döwürlerden bäri bu düşünjäni jemgyýetçilik gatnaşygynyň mizemez kadasyna öwrüpdirler.

Halkyň raýyna görä iş tutmak, iliň sözüni diňlemek, jemagatyň makul bilenini oňlamak döwletlilikden, agzybirlikden, adalatlylykdan nyşan. Ile sala salmak, ýaşululara, il kethudalaryna, sarpasy belent kişilere maslahat salmak gadymdan gelýän adat bolup, bu asylly ýörelge türkmeniň geňeş däbinde aýdyň şöhlelenýär.

Pederlerimiziň asylly ýörelgesiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat tapýandygy merdana halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň milli jebisligini, asyrlarboýy dowam edip gelýän pederlerimiziň döwletlilik ýörelgesini özünde şöhlelendirýär. Belent münberde aýdylan halkyň köňül kelamy, ýagny raýatlardan gelip gowşan teklipler, oňyn ýüztutmalar işjeň durmuşa geçirilýär. Munda dürli ugurlarda öňdebaryjylyk görkezýän bagtyýar ýaşlar hem ähli halk forumynda garalýan meseleler hakynda öz garaýyşlaryny, tekliplerini beýan edýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. «Bir-ä ulyny, bir-de kiçini diňle» diýen pähim milli demokratiýanyň we deňhukukly raýat gatnaşyklarynyň gadymy kökleriniň halkymyzyň jemgyýetçilik gurluşynda aýdyň şöhlelenýändigini görkezýär.

Şu günler Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýeti hakynda bagtyýar ýaşlarymyz metbugat sahypalarynyň, tele we radio ýaýlymlaryň üsti bilen çykyş edip, öz pikir-garaýyşlaryny, şanly ýylymyzy has dabaralandyrjak möhüm wakanyň öňüsyrasynda ýürek buýsançlaryny yzygiderli beýan edýärler. Ata Watanymyzyň gazanan üstünliklerine nazar salmak, nurana geljeginiň ösüşli menzillerini çelgilemek, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny berkarar etmek ählihalk forumynyň esasy maksadydyr. «Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar» diýip, Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda hem aýratyn nygtaýar. Şeýle jogapkärçilikli pursatda ýaşlaryň raýatlyk borçlaryna düşünýändigi has-da buýsandyryjydyr. Ýaşlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli möhüm wakasyna öwrüljek ählihalk forumynyň işe başlamagynyň öňüsyrasynda guralýan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklerde özara pikir alyşýarlar, ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, amala aşyrylýan özgertmeler hakynda buýsançly söhbet edýärler. Şularyň üsti bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere, depginli ösüşlere öz goşandyny goşýan, halkymyzyň ykbalyny galkyndyrjak beýik işlere dahyllydygyny duýýan täze, kämil nesliň kemala gelýändiginiň şaýady bolýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda, Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine, gazanýan üstünliklerine örän ýokary baha berýändigini aýratyn belläp geçýär.

Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty ýaşlaryň durmuş-ykdysady taýdan goldanmagyna, olaryň hukuk we durmuş üpjünçiliginiň berkidilmegine şert döredýär. Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça golaýda geçirilen Prezidiumyň mejlisinde täze iş orunlaryny döretmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýaşlar syýasatyny ösdürmek meselesiniň täze taryhy döwrüň Gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» işjeň durmuşa geçirmek esasynda ykdysady görkezijileriň durnuklylygyny gazanmak, pudaklary ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek Halk Maslahatynda serediljek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Bu wezipeler bilen baglanyşykly raýatlaryň tekliplerini işläp taýýarlamak, maksatnamalaryň işjeň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini çekmek täze taryhy döwrüň milli demokratik ýörelgesiniň baş maksady bolup durýar. Halka geňeşmek, jemgyýetçilik pikirine hormat goýmak milli ruhyýetimize, döwletlilik ýörelgelerimize mahsus häsiýetlerdir. Şonuň üçin hem ählihalk forumyna halkyň ykbalyna, ýurduň geljegine täsir etjek möhüm syýasy, taryhy ähmiýetli waka hökmünde garalýar. Bu möhüm çäräniň taryhy ähmiýeti döwrüň belent ruhly täze Galkynyşynda, belent ruhyýetinde aýdyň şöhlelenýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň» mekany ýylynda badalga aljak Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi belent maksatlardan ugur alýan giň gerimli özgertmeleriň, beýik tutumlaryň başy bolup, ýurdumyzyň täze taryhyny, bedew batly ösüşleriniň täze tapgyryny alamatlandyrar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi türkmen halkynyň jebislik, agzybirlik, adalatlylyk ýaly ruhy gymmatlyklarynyň işjeň durmuşa ornaşdyrylýandygyna aýdyň delildir. Bu jemgyýetçilik instituty berkarar döwletimizde häzirki zaman jemgyýetini, halk demokratiýasynyň milli nusgasyny, raýat jemgyýetini berkarar etmekde möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Ählihalk forumy Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe milli jebisligimizi pugtalandyrmakda, döwlet syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik kadalaryny, raýat bilen jemgyýetiň, döwlet bilen halkyň özara baglanyşygyny üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber tagallalary durmuşa geçirýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize çyn ýürekden çykýan alkyşlarymyz çäksizdir.

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi

Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.