Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
27.08.2026

ASYLLY DÄPLERIŇ ROWAÇLANÝAN DÖWRI

Pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň öňüsyrasynda demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň ösüşleriniň dowamat-dowam bolmagynda, jemgyýetimizde agzybirligiň, jebisligiň has-da pugtalanmagynda bu ählihalk forumy möhüm ähmiýete eýedir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek nobatdaky mejlis milli demokratiýamyzyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, ol ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen taryhy tutumlaryň badalgasyna öwrüler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyzyň ähli ugurlary ösüşlere beslenýär, ýurdumyzyň şöhraty dünýä dolýar. Aýdyň maksatlardan ugur alýan düýpli özgertmeler ata Watanymyzyň abraýyny belende göterip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösmeginde, demokratiýalaşdyrylmagynda, döwlet dolandyryşynyň kämilleşdirilmeginde, halk häkimiýetliliginiň esaslarynyň pugtalandyrylmagynda Halk Maslahatyna möhüm orun degişli bolup durýar. Ählumumy forumda merdana halkymyzyň yhlasly hem tutanýerli zähmeti, agzybirligi bilen gazanylan üstünlikler berkidilmek bilen, ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlener. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşlerine gönükdirilen halk bähbitli, ýurt ähmiýetli çözgütler kabul ediler.

Taryhy ýylyň dabarasyny has-da artdyrjak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny, raýat jemgyýetini kemala getirmekde oňyn tejribeleriň toplanandygyny aýdyň subut eder.

Goý, halkymyza hemişe üstünlikler hemra bolup, eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!

Wezirgeldi AŞY­ROW,

welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna

garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.