Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
09.11.2023

Ýaşlar syýasatynyň gadamlary DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞLI GELJEGI

 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uly üstünliklere beslenip geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýurdumyzyň ýaşlarynyň gatnaşmagy, olara Watanymyzyň syýasy durmuşynda orun berilmegi ýaşlarymyzyň tutýan orunlarynyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Bu mejlisde eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlygyň biziň göterilen ykbalymyzdygyny belläp, ösüşlerimiziň binýadyny berkden tutmagyň, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmagyň baş maksadymyzdygyny nygtady. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz: “Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar” diýip nygtap, Watanymyzyň kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini, olaryň halkymyzyň daýanjydygyny aýtmak bilen, biz, ýaşlara uly ynam bildirdi.

Ýaşlar Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň kuwwatyny artdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu ugurda hereket edýän milli kanunçylyk esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde uly işler amala aşyrylýar we geljekde-de has amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin zerur bolan şertleriň ählisi meýilleşdirilýär.

 

Saparmyrat ÇARŞAKOW. 

Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň ykdysatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Maru-Şahu jahan”, 09.11.2023