Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri bilen barha rowaçlanýar. Her bir ynsanyň bagtyýar geljegine gönükdirilen döwlet bähbitli oňyn başlangyçlar milli ýörelgelere esaslanýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler we durmuş-ykdysady maksatnamalar halk bähbidinden ugur alýar. Eziz Diýarymyzda beýik ösüşler gazanylyp, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar, hoşniýetli gatnaşyklar, ynsanperwer ýörelgeler rowaçlanýar. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uzak möhletli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Döwletli tutumlara badalga bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň bosagasynda geçirilmeginde hem uly many bar.
Garaşsyzlyk halkymyzyň arşa ganat açmasydyr. Ol milletimiziň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup ýaňlanýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk almagymyz bilen merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri hasyl boldy. Garaşsyzlyk halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabardyr. Halkymyz bu gün öz bagtyna, bagtyýar durmuşda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik beren Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüşde belent sepgitlere ýetdi, durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, ylym-bilim, medeni we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar» diýip nygtaýar. Ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň ýoluny kesgitlemekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. Halk Maslahaty jemgyýeti işjeňleşdirmekde, milli demokratik ýörelgeleri ösdürmekde, döwletli çözgütleri kabul etmekde, ruhy gymmatlyklary öz içine alýan milli döwletliligiň özboluşly nusgasyny kemala getirmekde köňülleri, ýürekleri birleşdirýär. Gahryman Arkadagymyz jemgyýetimizi ösdürmekde, döwlet ähmiýetli wezipeleri halk bilen geňeşmekde merdana ata-babalarymyzyň asylly, ynsanperwer ýörelgelerine, döwletlilik däplerine eýerip, Watanymyzyň ähli ugurlaryna dahylly bolan taryhy çözgütlere uly orun berýär. Demokratiýanyň, agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň kämil nusgasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamynyň takyklygyna, sazlaşygyna, bitewüligine giň ýol açýar.
Goý, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Tuwakgylyç WELIÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
partiýasynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.