Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä döwletleriniň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Mejlisiň wekilleriniň halkara derejede geçirilýän maslahatlara, parlament forumlaryna işjeň gatnaşmagy kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, Türkmenistanyň oňyn başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge amatly mümkinçilik döredýär. Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň ýaş parlament agzalarynyň 12-nji bütindünýä maslahatyna Mejlisiň wekilleriniň hem gatnaşmagy Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen parlament diplomatiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, halklaryň arasynda dostlugyň berkemegine, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna ýardam edýän gatnaşyklaryň has-da rowaçlanýandygyny ýene bir gezek tassyklady.
Ýaş parlamentarileriň halkara maslahatynda ýaşlaryň hukuklaryny goramak, sanly tehnologiýalaryň ösýän döwründe bu ugurdaky hukuklary has-da berkitmek, häzirki we geljek nesiller üçin howanyň durnuklylygyny üpjün etmek, zenanlaryň we ýaşlaryň syýasy hukuklaryny pugtalandyrmak, olaryň ykdysady hukuklaryny, iş bilen üpjünçiligini öňe sürmek ýaly mowzuklar boýunça çykyşlar diňlenildi. Ýaşlaryň syýasy mümkinçiliklerini giňeltmek, hukuklaryny we bähbitlerini goramak, jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny berkitmek babatda parlamentiň alyp barýan işlerine uly orun degişli bolup durýar. Şonuň üçin maslahatyň dowamynda ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygyny üpjün etmegiň her bir ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsiri, zähmet bazarynda ýaşlaryň hukuklaryny, ýaş telekeçileri goldamagyň ähmiýeti, parlamentiň bu ugurdaky alyp barýan işleri barada durlup geçildi.
Mälim bolşy ýaly, ýaşlaryň jemgyýetde öz ornuny tapmagy üçin, ilkinji nobatda, berk hukuk binýady gerek. Ýurdumyzda şeýle hukuk binýady döredildi we ol barha pugtalandyrylýar. Ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini has-da artdyrmak, olaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny gazanmak babatda ýurdumyzda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlary goldamak, köp ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň hem döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar.
Döwletimizde ýaşlaryň hukuklaryny hemmetaraplaýyn üpjün etmek maksady bilen, birnäçe kanunlar we maksatnamalar hereket edýär. Ýaş maşgalalary, ýaşlaryň başlangyçlaryny maglumat, guramaçylyk we maliýe taýdan goldamak, ýaşlar sportuny, bedenterbiýesini hem-de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ilerletmek babatdaky işleriň durmuşa geçirilmeginde döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň gös-göni gatnaşmagy olarda ýurdumyzyň häzirki we geljekki ykbaly üçin jogapkärçiligi ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Ýurdumyzda hereket edýän kanunlarda kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlary, ýaş maşgalalary, alymlary, hünärmenleri, ýaşlar telekeçiligini goldamak, ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygyny üpjün etmek we olaryň zähmet hukuklaryny hem-de borçlaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýaşlaryň saglygyny goramak, howply keselleriň öňüni almak babatda ýardam etmek, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli başlangyçlaryny, işini, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny goldamak ýaly ugurlara hem uly ähmiýet berilýär.
Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, olimpiadalary, bäsleşikleri, sergileri, festiwallary, gözden geçirilişleri, maslahatlary we beýleki çäreleri guramaga döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Umumybilim edaralarynda okan döwrüniň bütin dowamynda okuwda, döwlet we halkara ders, ylmy, sport, döredijilik bäsleşiklerinde we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri görkezen ýaşlara saýlap alan hünär ugurlary boýunça döwlet hünär bilimi edaralaryna giriş synaglarynda ýeňillikleri göz öňünde tutmak milli kanunçylygymyzda kesgitlenilýär. Munuň özi ýaşlary höweslendirmäge, döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berýär.
Döwlet tarapyndan ýaşlar üçin ýeňillikli karzlaryň elýeterli bolmagy, ýaşaýyş jaýyny edinmäge, durmuş zerurlyklaryny üpjün etmäge we maşgalanyň mümkinçiliklerini artdyrmaga şertler döredilýär. Olaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly zerur işler hem durmuşa geçirilýär. Bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenlere girdeji salgydyny ýeňillikli tölemek mümkinçiliginiň döredilmegi ýaşlaryň zähmet hukuklarynyň amala aşyrylmagyna döwletimiz tarapyndan giňden goldaw berilýändigini görkezýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleri babatda aýdylanda, ýaşlar üçin ekologiýa syýahatçylyk ulgamyny döretmek we ösdürmek, ekologiýa medeniýetini döretmek, mümkinçiligi çäkli ýaşlaryň beden ösüşini, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny höweslendirmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek babatda hem ýurdumyzda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanda ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň meseleleri boýunça teklipleri we başlangyçlary işläp taýýarlamak bilen bagly ugurlara möhüm ähmiýet berilýär. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we dünýä döwletleriniň ýaşlar birleşikleriniň arasynda ikitaraplaýyn özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilmegi hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýaşlaryň arasynda dostdoganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem halkara ýaşlar dialogyny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, olaryň bähbitlerini goramak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.
Parlamentara Birleşigiň ýaş parlament agzalarynyň bütindünýä maslahatyna gatnaşyp, milli parlamentlerde we parlament bileleşikleriniň çäklerinde ýaşlaryň hukuklaryny hemmetaraplaýyn goramak we olary goldamak babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak bu ugurda tejribämizi baýlaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza parlamentara hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmek babatda berýän uly goldawlary we gymmatly maslahatlary, döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Zyba NEPESOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.