Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
12.11.2026

ARKADAGLY, RYSGALLY IL

Halkymyzyň toýdur baýramlary, döwletli tutumlary hemişe bolşy ýaly, goşa-goşadan gelýär. Bu ýyl hem ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň Hasyl toýy bilen utgaşykly geldi. Edermen daýhanlarymyzyň zähmet üstünliklerine bagyşlanan dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de Arkadag şäherinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu toý janypkeş ilatyň gaýratly zähmetiniň netijelerine, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla ählihalk buýsanjynyň nyşany boldy.

Bu baýramçylyk mynasybetli sergilere, ýokary netijeleri görkezen işgärlere döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabaralaryna, konsertlere we medeni-­köpçülikleýin çärelere uly orun berildi. Garagum derýasynyň kenarynda ýurt derejesinde geçirilen baýramçylyk dabarasynda Arkadag şäheriniň ýörite diwarlygynyň bolmagy, onda naz-­nygmatlaryň bezemen görnüşde ýerleşdirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Diwarlyk bu çärä gatnaşanlary ýurdumyzyň oba hojalyk ekinleriniň tohumlarynyň, gök-­bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň aýratynlygy bilen tanyşdyrdy.

Hasyl toýy mynasybetli şeýle dabaralar Arkadag şäheriniň Taryhy­medeni seýilgähinde hem öz beýanyny tapdy. Bu ýerde guralan çykyşlar Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda gazanýan belent üstünlikleriniň waspyny ýetirdi. Çagajyklaryň aýdym­-sazly çykyşlary, bagtyýarlygy alamatlandyrýan ajaýyp tanslary dabaranyň şatlyk-­şowhunyny has-da artdyrdy. Oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan köpöwüşginli sergini hem synladylar. Sergide halkymyzyň daýhançylykda peýdalanýan gurallary, alnan bol hasyldan taýýarlaýan çörek önümleri, sahawatly topragymyzda ýetişdirilen datly miweleri aýratyn ünsi çekýär. Ýaşuly nesliň wekilleriniň ýaşlar bilen bilelikde şeýle ajaýyp sergini synlamaklary özboluşly ruhy sazlaşygy emele getirdi. Ol ösüp gelýän ýaş nesilleriň halal zähmete bolan hormat- ­sarpasyny belende göterdi.

Ýokary ruhubelentlikde bellenilen bu ýylky Hasyl toýunyň dabaralary ata Watanymyzda azyk bolçulygyny döretmek, ýerden bol hasyl almak, importyň ornuny tutýan önümleri ýetişdirmek bilen bagly bimöçber işleriň amal edilýändigine şaýatlyk etdi. Bu bolsa janypkeş daýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyryp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-­myradyň mekany» ýylynyň taryhy mazmunyny baýlaşdyrdy. Şu ýyl türkmen gallaçylarynyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrmagy, pileçi kärendeçileriň 2 müň 100 tonnadan gowrak pile ýetişdirmegi ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna aýratyn üns berilýändigini ýene bir gezek tassyklady. Döredilip berilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde ýylyň dowamynda gök, miwe we bakja önümleriniň, pagtanyň bol hasyly ýygnalyp alyndy. Şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118,2 göterime barabar boldy. Bu görkezijiler oba hojalyk toplumynyň netijeli ösüşlere beslenýändigine güwädir.

Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-­enjamlaýyn binýadyny has-­da berkitmek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär» diýip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagynda belleýär. Şonuň bilen birlikde hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan oba hojalygyny ösdürmek, eziz Diýarymyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak, önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak we ak bazarlarymyzyň ýylyň islendik paslynda oba hojalyk önümlerinden dolup durmagyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw­-hemaýatlary netijesinde edermen daýhanlarymyza dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň oba hojalyk tehnikalary yzygiderli alnyp berilýär. Ýokary hilli tohumlar, dökünler bilen üpjün edilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Döredilip berilýän şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan daýhanlarymyz ýylyň-­ýylyna Watan harmanyna bol hasyl tabşyrýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Geçirilmegi asylly däbe öwrülen Hasyl toýuna Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzybir işgärleri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň ösüşine yzygiderli goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym­-agronomlary, beýleki oba hojalyk hünärmenlerini baýramçylyk sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglaýar. Şu ýyl hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi bilelikde Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde duşuşyk gurady. Onda ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň gazanan üstünlikleri giňişleýin beýan edildi. Bu bolsa sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýan daýhanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Halkymyzyň bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

Serdar BEGMYRADOW,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy,

Mejlisiň deputaty.