Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünliklerde ýaşlarymyzyň hyzmatynyň örän uludygyny yzygiderli nygtaýarlar. Döwlet tarapyndan bildirilýän belent ynam ýaşlary ýeneki rowaçlyklara ruhlandyrýar. Bu gün bolsa 1991-nji ýylyň 16-njy noýabryndan bäri ýurdumyzyň ýaşlaryny watansöýüjilik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge, olaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamaga, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga mynasyp goşant goşup gelýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bellenilýär. 13-nji noýabrdaky Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz guramanyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Her döwrüň öz sesi, öz ruhy, öz wezipesi bolýar. Bularyň ählisi, ilkinji nobatda, ýaş nesliň nähili terbiýelenýändigine, nähili bilim alýandygyna, öz ýurdunyň ykbalynda neneňsi orun eýeleýändigine bagly. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşlar baradaky meseläniň aýratyn üns merkezinde bolmagy döwrüň möhüm talabyndan ugur alýar. Türkmenistanyň ýaşlarynyň häzirki ýagdaýy milli medeni gymmatlyklaryň, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, onuň köpugurly mümkinçilikleriniň hil taýdan özleşdirilmegi şertlerinde üstünlikli alnyp barylýan sazlaşykly ösüş bilen häsiýetlendirilýär. Şoňa görä, umumymilli forumyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy taryhy ähmiýetli wakadyr. Sebäbi maksat-meýilleri anyk we takyk kesgitlemek döwlet durmuşynda örän wajyp bolmak bilen, ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy çelgisidir. Galyberse-de, bu taryhy çözgüt ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny görkezýär. Bu resminama diňe geljek ýyllaryň iş meýilnamasy bolman, ol bilimli, döredijilikli, watansöýüji, zähmetsöýer, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen giň gerimli döwlet maksatnamasydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Watanymyzyň ösüşinde ýaşlaryň eýeleýän ornuna aýratyn ähmiýet bermegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleriň bilim almagy, hünär öwrenmegi, ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini açmagy üçin döredýän giň şertleri ýaşlara bildirilýän uly ynamdan nyşan. Bu belent ynam şu ýyl şanly 35 ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde hem uly wezipeleri goýýar. Çünki ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlaryň pikirlerini, täze başlangyçlaryny, jemgyýetçilik işjeňligini goldamak bu düzümiň baş wezipesi bolup durýar. Şu jähetden, kabul edilen täze resminama ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny täze belentliklere götermäge gönükdirilendir.
Maksatnama ýaşlar baradaky syýasaty üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, Watana wepaly, zähmetsöýer, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmek ýaly anyk maksatlara esaslanýar. Munuň özi häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan täze intellektual nesliň kemala gelmegini, ýaşlaryň döwlet dolandyryşynda, telekeçilikde has işjeň orun almagyny, jemgyýetimizde sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, zähmetsöýer, watansöýüji nesliň kemala gelmegini şertlendirýär. Ýaşlaryň hukuklaryny, bilimini, zähmetini we jemgyýetdäki ornuny berkidýän resminamada emeli aňyň, kiberhowpsuzlygyň, sanly ykdysadyýetiň, startaplaryň, innowasion taslamalaryň möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi bu ulgamda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň dünýäniň tehnologik ösüşi bilen aýakdaş gitmegine giň şertleri döredýär. Şol bir wagtda, bu strategik ädim ýurdumyzyň sanly ykdysady kuwwatyny berkitmek bilen, ýaşlaryň halkara derejedäki innowasion bäsdeşlige ukyplylygyny hem ýokarlandyrýar.
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynda» jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de meýletinçilik hereketleriniň goldanylmagyna aýratyn üns berilýär. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň berkemegine, ýaşlaryň ýolbaşçylyk ukyplarynyň kämilleşmegine, olaryň jemgyýetiň ösüşindäki orny baradaky düşünjeleriniň çuňlaşdyrylmagyna, şahsy başlangyçlarynyň goldanylmagyna, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygynyň giňeldilmegine ýol açýar. Çünki ýaşlar jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň işjeň agzasy bolup durýar. Jemgyýetçilik başlangyçlaryny ösdürmek maksady bilen, degişli hukuk, guramaçylyk, maglumat goldawlarynyň berilmeginiň göz öňünde tutulmagy bolsa olaryň döwrebap maglumatlar binýadyndan doly peýdalanmagyna, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, durmuş-medeni ugurlaryna işjeň goşulyşmagyna şert döredýär.
Ösen tehnologiýalaryň häzirki asyrynda ýaş alymlary ylmy taslamalara, startaplara, halkara maslahatlardyr bäsleşiklere çekmek, olaryň tejribeli alymlar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek derwaýys wezipeleriň hataryna girýär. Bu ugurdaky işler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda hereket edýän Ýaş alymlar merkeziniň işiniň esasy özenini düzýär. Şeýle hem ýaşlaryň emeli aňdan, internet ulgamyndan, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak, olaryň maglumat howpsuzlygy, sanly medeniýet boýunça bilimlerini artdyrmak Ýaşlar guramasynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz geljegimizi ýaşlarymyz bilen bilelikde gurýarys!» diýip belleýär. Bu sözler biziň üçin gymmatly ýol-ýörelgedir. Geljegi ýaşlar bilen bilelikde gurmak olaryň zehinini ýüze çykarmak, pikirini diňlemek, başlangyjyny goldamak, bilimini artdyrmak hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna giň ýol açmak diýmekdir. Biz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ähli düzümleri bolup mundan beýläk-de ýaşlarymyzyň bilimli, döredijilikli, sagdyn, watansöýüji, zähmetsöýer, milli gymmatlyklarymyza wepaly hem-de dünýä bilen deň gadam urýan nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda ähli mümkinçiliklerimizi bir maksada gönükdireris. Ýaşlaryň geljegi bilen bagly öňde goýlan belent wezipeleri durmuşa geçirmekde guramanyň agzybir işgärleri we işjeň agzalary, degişli edaralardyr jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde maksada okgunly işleri alyp bararys.
Ýaş nesilleriň çuňňur bilim almagy, hünär öwrenmegi, ylymda, sportda, medeniýetde we jemgyýetçilik durmuşynda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, belent başlary aman, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň
başlygy, Mejlisiň deputaty.