Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Grigoriý KARASIN,
RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa
Geňeşiniň Halkara işler boýunça komitetiniň
başlygynyň birinji orunbasary:
— «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi we assambleýanyň 61-nji plenar mejlisi üstünlikli geçirildi. Onuň çäklerinde Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň parlamentara dostluk toparlarynyň bilelikdäki birinji mejlisi hem guraldy. Biz iki ýurduň parlamentleriniň ugry boýunça kesgitlenen özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri barada pikir alyşdyk. Türkmenistanyň Mejlisiniň RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bilen parlamentara dostluk toparynyň we Federasiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekilmegi duşuşygyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Ýurtlarymyzyň kanun çykaryjy edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň depgininiň barha güýçlenýän şertlerinde bilelikdäki hereketleriň «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamagyň zerurdygy barada yzygiderli nygtaýardylar. Şoňa görä, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň geçen ýylyň oktýabrynda Russiýa amala aşyran resmi saparynyň çäginde özara parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakynda ylalaşyga gelindi. Geljek ýyla niýetlenen meýilnama laýyklykda, möhüm ähmiýetli çärelerdir duşuşyklary, pikir alyşmalary geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi ol ýa-da beýleki ylalaşyklary baglaşmak işine ýardam bermäge we ony tizleşdirmäge, bilelikdäki taslamalaryň ýagdaýyny gözden geçirmäge, iň esasysy bolsa, iki ýurduň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şunda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Awazada geçirilen güýzki göçme mejlisiniň çäginde guralan çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýtmak isleýärin. Türkmenistanyň Mejlisine Parlamentara Assambleýada synçy derejesini bermek hakyndaky çözgüdiň tassyklanylmagy bu çäreleriň wajyp aýratynlygy boldy.
Oleg SEPKIN,
RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa
Geňeşiniň Konstitusion kanunçylyk we
döwlet gurluşy boýunça komitetiniň agzasy:
— Parlamentler tutuş ýurt we halk tarapyndan berjaý edilýän kanunlary işläp taýýarlaýarlar. GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy Arkalaşygyň ähli ýurtlaryna ýaýradylýan hem-de ulanylýan nusgalyk kanunlary işläp düzmek bilen meşgullanýar. Assambleýanyň Geňeşiniň Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisine bu düzümde synçy derejesini bermek hakynda çözgüde garaldy we kabul edildi. Munuň özi Türkmenistana taryhy ykbaly birmeňzeş bolan GDA ýurtlary üçin derwaýys bolan meseleleriň çözgüdine has ýakyndan gatnaşmaga mümkinçilik berer. Mejlis bolsa ýurduň milli kanunçylygyny kämilleşdirmekde bilelikde işlenip taýýarlanylan nusgalyk kanunlary peýdalanyp biler.
GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Awaza mejlisiniň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Bu bolsa Arkalaşygyň sebitleýin dialoga we GDA agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam bermekde goşandynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini görkezýär. Aslynda, syýasy ugur boýunça hyzmatdaşlygyň islendik görnüşi oňyn, ynsanperwer häsiýeti özünde jemleýär. Biz geljekde bilelikdäki meýilnamalarydyr ylalaşyklary işläp taýýarlanymyzda, bu Kararnamada beýan edilen düzgünlerden peýdalanyp bileris.
Sabir GAJIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň
Hukuk meseleleri boýunça komitetiniň agzasy:
— GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäginde assambleýanyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk, Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýalarynyň mejlisleri hem geçirildi. Menem Azerbaýjanyň parlamentine wekilçilik edip, Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýanyň mejlisine gatnaşdym. Bu komissiýanyň işiniň esasy ugry Arkalaşyga agza döwletleriň milli kanunçylygyny ýakynlaşdyrmak we sazlaşdyrmak maksady bilen, nusgalyk kanunlaryň, kodeksleriň taslamalaryny işläp düzmekden ybarat. Onuň mejlislerinde GDA-nyň çäginde baglaşylýan halkara şertnamalaryň hukuk seljermesi geçirilýär, beýleki hemişelik komissiýalar tarapyndan taýýarlanylan kanun taslamalarynyň hukuk kadalaryna laýyklygy barlanylýar. GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň ajaýyp Awazada geçirilen mejlisi-de şu meseleleri ýakyndan ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Meniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna birinji gezek gelip görşüm. Bu ýerde iri halkara çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Türkmen kärdeşlerimiz bizi mähirli garşylap, mejlisleriň ýokary derejede guralmagy ugrunda uly tagalla etdiler. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň parlament diplomatiýasyny ösdürmäge, nusgalyk kanunlary işläp taýýarlamaga ýöriteleşen düzümi bolan Parlamentara Assambleýanyň bu mejlisleri onuň taryhyna wajyp syýasy wakalar hökmünde ýazylar.
Gulýa KOŽOKULOWA,
Gyrgyz Respublikasynyň
Žogorku Keneşiniň deputaty:
— Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň halklaryny umumy taryh, ruhy-medeni däpleriň ýakynlygy baglanyşdyrýar. Biziň ýurtlarymyz garaşsyz döwlet hökmünde öz ösüş ýoluny saýlap alyp, bilelikde kemala geldiler. Şoňa görä, ähli ýurtlaryň wajyp meseleler maslahatlaşylýan bir guramanyň düzüminde bolmaklary örän möhüm. Parlamentariler — halkyň saýlan wekilleri. Olar islendik meseläni halklaryň bähbidine çözmäge çalyşýarlar. GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki göçme mejlisiniň doganlyk Türkmenistanda geçirilendigi, çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi bizi diýseň begendirýär.
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde bir aý mundan ozal «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi guralyp, onuň jemleri boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Parlamentara Assambleýanyň mejlisinde-de şol çözgütleri amaly taýdan durmuşa geçirmekde kanun çykaryjy edaralaryň ornuna, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meselelere garaldy. Biz Türkmenistanyň Mejlisine GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmeginiň Arkalaşygyň giňişliginde parlamentara gatnaşyklaryň has-da ilerledilmegine goşmaça itergi berjekdigine ynanýarys.