Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
16.11.2023

TARYHY ÄHMIÝETLI WAKA

 

Üstümizdäki ýylyň ­ «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaşlara uly ynam bildirilýändigini aýdyňlygy bilen subut etdi. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň öz ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary, özlerini kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleri döretmek bilen, ýaş nesliň terbiýesine aýratyn üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýä garaýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek giň gerim alýar. Çünki, ýaşlar jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji, döwletimiziň daýanjy, eziz Watanymyzyň buýsanjy hasaplanylýar. Bu täze taryhy eýýamda olaryň gazanýan üstünlikleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň ilerlemegine uly goşant bolýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň durmuşynda taryha altyn harplar bilen ýazyljak buýsançly wakalar bolup geçýär. Ynha, şeýle taryhy ähmiýetli wakalaryň biri hem şu gün welaýatymyzda öz işine başlan Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň ýaşlar forumydyr. Taryhy ähmiýetli waka boljak bu forum ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Möhüm ähmiýetli bu foruma Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda we beýleki ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenler, talyp we meýletinçi ýaşlar, şeýle hem HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýaş wekilleri gatnaşýarlar. 

«Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly bu forumyň gün tertibi halklaryň we ýurtlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy, gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Onda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ýaşlaryň orny bilen bagly bu meselede parahatçylygy, dostlugy, birek-birege hormat goýmagy, ysanperwerligi pugtalandyrmakda Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan tejribesi öwreniler. Şeýle-de, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet we sungat ýaly ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrundaky meselelere serediler. Forumda diplomatik ýollar arkaly halkara parahatçylygyny pugtalandyrmak işinde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge mümkinçilikler dörediler. 

Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň derwaýys ýollaryny kesgitleýän bu forum oňa gatnaşýan ýurtlaryň ýaşlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklarynyň giň gerim almagyna täze mümkinçilikleri döreder. Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça köp taraplaýyn gepleşikleri ösdürmekde giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli we dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe hem-de özara kabul ederlikli ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň bilimiň bütin dünýäde ösdürilmegine we ýaşlar bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn çözülmegine gönükdirilen Durnukly ösüş maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. 

Ýaşlaryň durmuşyndaky şeýle ösüşler-özgerişlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ak ertirlere sary ynamly barýan bagtyýar, köňülleri eziz Watanymyza bolan buýsançdan doly, hyjuwly ýaşlary okamaga, öwrenmäge, döretmäge, gurmaga ruhlandyrýar. 

Berkarar döwleti täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary terbiýelemekde, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

 Maksat JANMYRADOW. 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty