Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
17.11.2023

YKDYSADY DURNUKLYLYK

 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda ýene bir möhüm waka hökmünde hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparyny görkezmek bolar. Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu gurama esaslandyrylan wagtyndan bäri onuň meýdançasy agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek üçin netijeli gurala öwrüldi. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolmak bilen, gurama gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. 

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýet, ulag we logistika, energetika, ekologiýa babatda öňe süren başlangyçlary uly goldaw tapdy. Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy bu guramanyň işine itergi bermekde möhüm orna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň YHG agza ýurtlaryň arasynda söwda dolanşygyny ýokarlandyrmak, serhetüsti we sebitleýin söwdany ösdürmek barada öňe süren teklipleri sebitiň mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam berjek ýagdaýlar bolup durýar. Agza ýurtlaryň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 85 milliard amerikan dollary möçberinde bolup, bu görkeziji döwletleriň daşary söwdasynda 8% ýer tutýar. Bu ýagdaý daşary söwda mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär. YHG agza ýurtlaryň aglabasy deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň hatarynda durýar. Yklymara ulag geçelgelerini döretmekde 2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Daşkent şäherinde gol çekilen ylalaşyk esasynda Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe ulag geçelgesini döretmek we özara gümrük hem-de ýol töleglerini ýeňilleşdirmek teklip edilýär. Sebit ýurtlarynyň baý milli medeni mirasy sebitde syýahatçylygy we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz YHG-nyň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi. Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň tutuş yklymyň ösmegine itergi beriji güýç hökmünde ähmiýeti aýdyň görünýär we artýar. 

Türkmenistan iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň energetika diplomatiýasynyň gerimini giňeltmek boýunça ynamly teklipleri öňe sürdi. Bu teklipler bazar gatnaşyklarynda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, senagat önümçiligi, infrastruktura desgalarynyň gurulmagy, bilelikde önümçilik taslamalaryna badalga berilmegi boýunça sebit ýurtlarynyň barha artýan energetika isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerurdyr. Ýurdumyzyň günbatar sebitinde düýbi tutulan we ulanylmaga berlen energetika desgalary gurama agza döwletlere arassa we arzan energiýa serişdelerini ugratmakda aýratyn ähmiýetlidir. 

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýän, dünýä nusgalyk ynsanperwer başlangyçlary öňe sürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt, umumadamzat bähbitli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Kerimguly GELDIÝEW,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklary baradaky komitetiniň agzasy