Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
23.11.2023

BAGTYÝAR NESILLER BILEN RÖWŞEN GELJEGE TARAP

 

Merdana halkymyzyň ähli taryhy döwürlerinde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgeleriň, asylly däp-dessurlaryň sarpasy örän belentdir. Bu ýörelgeler nesil terbiýesinde-de möhüm orun eýeleýär. Ertiriň şu günden başlanyşy ýaly, ýurduň geljeginiň binýady-da şu günden gönezlik alýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, abadan durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalar bimöçberdir.

Şu ýylyň 14-­nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda hem­-de onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşmagynyň dowamynda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Güneşli» ady bilen bina ediljek täze merkeziniň taslamasy bilen hem gyzyklandy. Geljekde bu merkeziň çagalaryň bilimli, ylymly, maksada okgunly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerini gazanmakda uly ähmiýete eýe bolmalydygy barada öňe sürlen asylly başlangyçlar ýaş nesiller hakyndaky aladanyň döwlet derejesinde giňden dabaralanýandygynyň ýene­-de bir aýdyň güwäsi boldy. 

Bu günki gün Çagalar we ýetginjekler köşgünde, Çagalar we ýetginjekler öýlerinde, tebigy­ ylmy hem­-de ekologiýa, tehnologiýalar parkly ylmy­-tehniki, dil, medeni miras we milli senetçilik, etika­-estetika, çeper döredijilik we durmuş, medeni­-guramaçylyk, bedenterbiýe we sport ugurly gurnaklarda, umumy bilim berýän orta mekdepler, maşgalalar, jemgyýetçilik guramalary, döredijilik toparlary bilen bilelikde ýaş nesilleriň orta mekdepde alýan bilimleriniň has­-da baýlaşdyrylmagy, durmuş başarnyklarynyň kämilleşdirilmegi, mahlasy, okuwdan boş wagtlary peýdaly işler bilen meşgullanmaklary üçin sazlaşykly işler alnyp barylýar. Mekdepden daşary edaralarda hem-­de gurnaklarda çagalaryň we ýetginjekleriň üstünliklerini wasp edýän hem­de zehin­-başarnygyny açyp görkezýän döredijilik çykyşlary, sergiler, bäsleşikler guralýar. Täze bina ediljek «Güneşli» merkezi hem ýaş nesillerimiziň bilim bilen bir hatarda, dürli hünärleri ele alyp, durmuşa ynamly gadam basmagyna mümkinçilik berer. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda maksada okgunly, ýokary hünärli, taýýarlykly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýelemegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem­-de kemala gelmegi, olaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar syýasaty, ilkinji nobatda, şu ugra gönükdirilendir. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň ähli ugurlarda, esasan­da, ylym­-bilimde, sportda, medeniýetde gazanýan üstünlikleri dünýäde dabaralanýar. Olaryň sportda Watanymyzyň halkara abraýyna goşan goşandyny, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň halkara ders bäsleşiklerindäki, olimpiadalardaky üstünliklerini belläp geçmegiň özide örän buýsandyryjy ýagdaý. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 10 aýynda ýurdumyzyň türgenleriniň halkara ýaryşlaryň 243-­sine gatnaşyp, jemi 674, şol sanda 190 altyn, 194 kümüş we 290 bürünç medala mynasyp bolandyklary hem ýaş nesillerimiziň özlerine bildirilýän ynamy ödemäge çalyşýandyklarynyň aýdyň güwäsidir. 

Döredijilikli başlangyçlary bilen çykyş edýän ýaşlar hemmelere göreldedir. Olara jemgyýeti işjeňleşdirmekde we jebisleşdirmekde, halklardyr döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly orun degişlidir. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri­de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglydyr. Türkmenistan Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň gepleşikler üçin açyk meýdançasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurtlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine, dostlugyň we özara ynamyň berkidilmegine, oňyn başlangyçlary öňe sürüp, täze ýollary gözlemekde, syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary giňeltmekde netijeli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022­-nji ýylyň 1-­nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri we ýeňillikleri döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030­-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy hem­-de ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlykda türkmen ýaşlarynyň ornuny has­-da berkitdi. 

Golaýda Parižde ÝUNESKO­-nyň Baş maslahatynyň 42-­nji mejlisiniň çäginde geçirilen «Howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde ýaşlaryň işjeňligini gazanmak» atly 13-­nji ýaşlar forumyna ilkinji gezek türkmen wekilleriniň gatnaşmaklary bu ugra döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Şunda ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýakynda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmeginde, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmeginde we giňeldilmeginde täze gözýetimleri açandygyny hem bellemeli. 

Ýeri gelende nygtasak, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 18­-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde eden çykyşynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň forumyny geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürüpdi. Şoňa laýyklykda, 16 - 18­-nji  noýabrda bu ýurtlaryň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň Türkmenistanda guralmagy aýratyn many-­mazmuna eýe boldy. Arkadagly Serdarymyz foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Bu forumyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasynda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy, bähbitleri göz öňünde tutup, halklaryň we döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine gönükdirilen täze mazmunly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder» diýip belledi. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, şeýle­-de ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet, sungat, parlament ulgamlarynyň ýaş wekillerini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem­-de Hytaýyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçilerini özünde jemlän forum ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boldy. 

Umuman, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk­de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän aladalara mynasyp jogabydyr. Ýaşlar syýasaty boýunça halkara derejede guralýan dürli görnüşli çäreler bolsa ýaşlaryň ýurdumyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesine üýtgewsiz eýerip, dünýä döwletleriniň ýaşlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy, gadymdan gelýän ynanyşmak däplerini gorap saklamagy, irki döwürlerden bäri medeniýetiniň, taryhynyň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşýan doganlyk halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň, işjeň hyzmatdaşlygyň bu günki günde has möhümdigini äşgär edýär. 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.