Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Gahryman Arkadagymyzyň döwet-galamyndan çykan kitaplarynda halkymyzyň geçmişi, milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, Watanymyzyň ösüşleri, şöhratly taryhymyzy şu günlerimiz bilen baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti çeperçiligiň ýokary nusgasynda beýan edilýär. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby okanyňda, il-güne bagyşlanan ömrüň dowamat-dowam bolýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelere ygrarly, adalatlylygy, lebzihalallygy, ynsanperwerligi ýörelge edinýän Gahryman Arkadagymyz özüniň manyly ömrüni mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyna bagyşlaýar. Kitapda beýan edilýän wakalar okyjyny şöhratly geçmişimiz, bagtyýar şu günümiz, nurana geljegimiz hakyndaky söhbetleriň yzyna düşürýär. Milli Liderimiz filosofik eserinde toplan baý durmuş tejribesini seljermek bilen, durmuşyň baky kanuny we her bir adamy bezeýän ýagşy niýetlilik, oňat gylyk-häsiýetler meselesine uly orun berýär.
Beýik taryhy şahsyýetleriň durmuş tejribesi, ruhy taglymaty nesilleriň ýol-ýörelgesine öwrülýär. Ösüşleriň dowamat-dowam bolmagynda milli tejribäniň, köp ýyllaryň dowamynda döwletiň iň ýokary wezipesinde nusgalyk zähmet çeken şahsyýetiň ömrüniň manysynyň dowamaty baradaky pikirleriň, garaýyşlaryň ähmiýeti örän ýokarydyr. Kitapda Watanymyzyň geçmişini, şu gününi we geljegini nazarlaýan wakalary ömrüniň manysyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ösüp gelýän ýaş nesillere milli ruhda terbiýe bermäge, olara hünär öwrenmäge, durmuşda ornuny tapmaga, şeýle-de ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň diňe halkyň bähbidine gönükdirilendigini aýratyn belleýär.
Goý, watansöýüjiligi ündeýän şeýle kitaplar milli gymmatlyklarymyza öwrülip, ýyllardan-ýyllara aşyp, halkymyzyň ömürlik hemrasy bolsun! Watanymyzyň pajarlap ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşy barada gije-gündiz aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Annabagt Maýewa,
welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.