Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş sapary mahalynda HHR-niň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynda: «Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň wajypdygyny bellemek isleýärin» diýip nygtap geçdi. Ýurdumyzda ýükleri halkara we üstaşyr daşamagyň özüne çekijiligini, bäsleşige ukyplylygyny we netijeliligini üpjün edýän bitewi, köpugurly we daşary ýurtlar bilen goşulyşýan ugurlar giňişligini emele getirmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň Merkezi Aziýada geografik ýerleşişi ýükleri üstaşyr daşamak babatda ýurduň artykmaçlykly ýagdaýyny kesgitleýär we köp sanly daşary ýurt döwletleri üçin gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. XXI asyrda Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi ugrunda halkara guramalaryň we sebit ýurtlarynyň arasynda giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýerleşýän sebitinde Merkezi Aziýa, Hazarýaka ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta, Günbatar —Gündogar, TRASEKA halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň çäginde ulag ulgamlarynyň özara goşulyşmagynyň, sebit we yklymara derejelerde multimodal gatnawlaryň üpjün edilmeginiň ähmiýeti aýdyň ýüze çykýar.
Türkmenistanyň ulag syýasatynyň hukuk binýadyny berkidýän resminamalar barada aýdylanda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalary aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ýakyn ýyllarda ulag diplomatiýasy boýunça halkara hukugynda esas goýujy resminamalar hökmünde Kararnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şu ýyl kabul edilen Kararnama laýyklykda 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Metbugat habarlaryna görä, häzirki wagtda halkara söwdasynda we senagat önümçiliginde iň möhüm mesele ulag-logistika hyzmatlaryň önümiň, ýarym fabrikatlaryň, çig malyň özüne düşýän gymmatyndaky paýynyň ýokarlanmagy, ýagny harydyň birlik mukdarynyň ýük daşama bahasynyň artmagy bolup durýar. Ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlarynyň gymmatlamagy senagatda buýurmalaryň wagtynyň uzalmagyna, önüm üçin edilýän birlik çykdajylaryň ýokarlanmagyna getirýär. Bu ýagdaý gysga möhletde önüm öndürijileriň baha indeksiniň ýokarlanmagyna, orta möhletde bolsa, sarp edijileriň baha indeksiniň, ýagny taýýar önümleriň bahalarynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Bu bolsa möhüm makroykdysady görkezijileriň biri bolan bahalaryň durnukly saklanylmagyny üpjün etmegi kynlaşdyrýar.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk baradaky taslamalaýyn Ylalaşygy baglaşdy. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň serhet nokatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, «Bir penjire» ulgamynyň işe girizilmegi arkaly halkara söwdasynyň ösdürilmegine goldaw berjek ýagdaýlar bolup çykyş edýär. Gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegine we awtomatlaşdyrylmagyna şert döredýän «ASYCUDA World» ulgamy BMG-niň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň başlangyçlaryndan biri bolup, bu ulgama dünýä ýurtlarynyň 90-dan gowragynyň girmegi we ony goldamagy onuň ähmiýetini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň gümrükhanalarynyň işiniň sanlylaşdyrylmagy we sadalaşdyrylmagy ýurduň eksport mümkinçilikleriniň we üstaşyr geçirijilik ukybynyň artmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda ulag-logistiki hyzmatlaryň ösen görnüşleri arkaly Etrek, Bajgyran, Artyk, Sarahs, Kerki, Ymamnazar, Bekdaş, Farap gümrükhanalarynyň işjeňliginiň ýokarlandyrylmagy ýakyn geljekde hyzmatlar ulgamynyň jemi içerki önümdäki paýynyň artmagyny gazandyrar.
Prezident Maksatnamasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ulag syýasatynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrunda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edaralary tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. 2018-nji ýylda «Türkmenistanyň Ulag syýasatynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2021-nji ýylda «Konteýnerlere degişli Gümrük Konwensiýasyna goşulmak hakynda», «Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Tölegli ýollaryň toparyna degişli edilen awtomobil ýollary boýunça ulag serişdeleriniň ýöräni üçin tölegiň iň ýokary möçberi we hasaplaşyk usulyýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-yna Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Beýleki möhüm hukuk namalary bilen bir hatarda «Ýewropa Kawkaz Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy we kabul edildi. Bu Kanun öz gezeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän täze başlangyçlarynyň hukuk binýadyny has-da berkider.
Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020—2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amal edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny gazandyrar. Daşary ýurt döwletleriniň ösen ykdysadyýetlerinden tejribe edinmegiň çäklerinde daşary söwda deňagramlylygyny gazanmak üçin «Türkmenistanda öndürildi» nyşanly harytlary dünýä bazaryna çykarmagyň ýollaryny gözlemek zerurlygy ýüze çykýar. Bu ugurda uzak geljegi nazarlaýan beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy