Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
24.11.2023

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkara başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmekde alyp barýan daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. 

Ýurdumyzda ähli ulgamlarda düýpli we beýik özgertmeler amala aşyrylyp, Türkmenistan Ýer ýüzüniň ýokary depginde ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Geosyýasy taýdan örän amatly, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýerleşen Türkmenistan döwletimizde bäsdeşlige ukyply ulag ulgamyny ösdürmek ileri tutulýan wezipeleriň birine öwrüldi. 

Dünýäniň ulag giňişligine goşulyşmak, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak, iri logistik merkezini döretmek ulag ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklary, dost-doganlyk gatnaşyklary has-da ösdürmekde ulag-üstaşyr geçelgeleri möhüm orny eýeleýär. Ýewraziýanyň giňişliklerini gurşap alýan Günorta we Günorta — Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Aziýa, Ýuwaş umman sebitlerine çykýan ulag ýollaryny Hazar deňziniň, Gara deňziniň we Baltika deňziniň terminallaryny ulag-logistika hyzmatlary babatda utgaşdyrmakda döwletimiziň giň mümkinçilikleri bardyr. Şol mümkinçilikleri umumadamzat bähbitlerine gönükdirmek bilen, halkara ähmiýetli başlangyçlar öňe sürülýär. Ýurdumyzda «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Olar özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy kanunçylyk esasda giňeltmäge, durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gözel paýtagtynda 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilen senesini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmegi, Türkmenistan Watanymyzyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň çäklerinde Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli maslahaty geçirdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň, kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny geçirmek barada teklibi öňe sürmegi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde bu ugurda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden çykyşynda halkara giňişlikde maksada okgunly we ylalaşykly ulag diplomatiýasyny alyp barmagyň möhümdigi barada aýdanlary, şeýle-de bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky öňe süren başlangyçlary ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny täze derejelere çykarmaga ýardam edýär. 2024-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýurdumyzda geçirilmegi baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy hem döwletimiziň ulag ulgamyndaky nobatdaky üstünligidir. 

Türkmenistanyň Ýewropa - Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesi (TRASEKA) Ylalaşygyna goşulmagy Ýewropa, Kawkaz, Gara deňiz we Hazar deňzi sebitlerinde, Aziýa yklymynda ykdysady hyzmatdaşlygy, söwda, ulag ugurly gatnaşyklary ösdürmekde, harytlaryň halkara gatnawyny işjeňleşdirmekde hem-de ýeňilleşdirmekde, hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ulag syýasatyny sazlaşdyrmakda, ulagyň dürli görnüşleriniň arasynda bäsdeşlik üçin deň şertleri döretmekde möhüm orny eýelär. Munuň şeýledigine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda», «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak» atly Kararnamalar hem şaýatlyk edýär. 

Çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlary geçen, geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini nazara alanyňda, Türkmenistan dünýäniň aragatnaşyk giňişliginiň altyn halkasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda nygtaýşy ýaly: «Türkmenistan, belli bolşy ýaly, aragatnaşygyň halkara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigi üçin, geografik taýdan örän amatly ýagdaýa eýedir. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly, iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr». 

Hut şu maksat bilen hem Türkmenistanda köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasy döredildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýurdumyzda milli ykdysadyýeti maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede türkmen halkynyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrýan durmuş häsiýetli maksatnamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Beýleki bir tarapdan bolsa, ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de mäkäm ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, giňden pugtalandyrmakda ygtybarlylygy emele getirýär. 

Görşümiz ýaly, ösüşler hyzmatdaşlyk ýollary arkaly gazanylýar. Asyrlary nazarlaýan ýollar, goý, geljekde-de parahatçylyga, dost-doganlyga hyzmat etsin! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Maksatberdi GURBANOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli 

häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary 

bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy.