Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türgenlerimiz dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny artdyrýarlar. Diýarymyzda halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň, şol sanda dünýä çempionatlarynyň yzygiderli geçirilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna ýardam edýär.
Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, hususy işewürlik bilen hyzmatdaşlyk aýry-aýry türgenleriň hem, toparlaryň hem üstünlige ýetmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Beýleki bir tarapdan seredeniňde, ýokary netijeleri gazanýan türgenler ýa-da toparlar, şeýle hem halkara ýaryşlar bilen hyzmatdaşlyk telekeçileriň öndürýän önümleriniň ýa-da ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň meşhurlygynyň artmagyna, ýagny haryt nyşanynyň bazardaky ornuny berkitmegine öz täsirini ýetirip bilýär.
Türkmenistanda hem işewürlik bilen sportuň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Häzirki döwürde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň arasynda aýry-aýry türgenlere, toparlara we dürli derejedäki ýaryşlara hemaýatkärlik edýänleriň sany artýar. Ýurdumyzda guralýan iri ýaryşlaryň tejribesinde bu hakykat has aýdyň görünýär. Türkmen telekeçileriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly iri halkara ýaryşlarda üpjünçilik we guramaçylyk bilen bagly meselelerde işjeňlik görkezmek bilen, sport baýramçylyklarynyň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşmaklary guwandyryjy ýagdaýdyr.
Ak mermerli paýtagtymyzda uly ruhubelentlige beslenýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty hem sport we işewürlik ulgamlarynyň netijeli hyzmatdaşlygynyň täze giňişligi bolar. Abraýly ýaryşyň resmi hyzmatdaşlarynyň hatarynda döwlet düzümleri bilen birlikde, bilelikdäki kärhanalaryň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bolmagy bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlejekdigine ynamymyzy artdyrýar. Hususyýetçilere ýaryşyň guralýan ýerinde we janköýerler üçin niýetlenen zolaklarda jemgyýetçilik iýmiti we söwda hyzmatlary bilen baglanyşykly guramaçylyk işleriniň ynanylmagy hem uly jogapkärçilikden nyşandyr.
Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy ugrunda edýän uly tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hemde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza jan saglyk, uzak ömür dileýäris.
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty.