Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
30.11.2023

ÝAŞLAR BILEN BEÝIK GELJEGE

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanda ýaşlar syýasaty has-da dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir» diýip belleýär. 

Hawa, ýurdumyzda ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň we başarjaň bölegidir. Şu nukdaýnazardan olaryň ylymly-bilimli, terbiýeli, hünärine ezber bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär we kanuny esasda kepillendirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip bellenilýär. Şeýle-de «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Kanunçylygymyza laýyklykda, her bir ýaş nesliň abadan durmuşda ýaşamaga, sagdyn ulalmaga, ösmäge hem-de okamaga hukugy bardyr.

 Gahryman Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy sapagynda: «Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir» diýip belledi. Şol esasda hem ýaşlaryň ylmyň, bilimiň iň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmegi, halkara giňişligine aralaşmagy, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmagy hem-de başarnykly hünärmenleri taýýarlamak ýaly wezipelere uly ähmiýet berilýär. 

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Jemgyýetde sowatly adamlar näçe köpeldigiçe, şonça-da zehinli adamlar köp ýüze çykar» diýip belleýär. Elbetde, ÝUNESKO hem bütin dünýäde bilimiň hilini ösdürmek, sowatsyzlygy ýok etmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Guramanyň esasy başlangyçlarynyň biri hem ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň torudyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň 6 sany umumybilim berýän orta mekdebiniň bu tora goşulmagy, şeýle hem ÝUNESKO klublarynyň açylmagy bizi has-da buýsandyrýar. 

Bilşimiz ýaly, 14-15-nji noýabrda türkmen wekiliýeti ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumynda daşky gurşawy aýawly saklamak babatda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde alnyp barylýan işler we ýurdumyzyň teklipleri we başlangyçlary barada çykyş etdiler. Şeýle-de onuň yzysüre, ýagny 16-18-nji noýabr aralygynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forumy geçirildi. 

Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Çemen AKYÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

 Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny 

goramak baradaky komitetiniň agzasy