Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
01.12.2023

DÜNÝÄ ÝARYŞYNYŇ ÝALKYM ÝAÝRAWY

 

Saglyk ynsan ömrüne bezeg berýär. Ajaýyp sport desgalary bolsa bu günki gün gözel paýtagtymyza görkanalyk bagyş edýär. Aşgabadyň şeýle gözel künjekleriniň biri bolan Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda iki günläp şatlyk-şowhun höküm sürdi. Bu ýerde Zeminiň dört yklymynyň 45 ýurdundan 181 pälwanyň gatnaşmagynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sportumyzyň ajaýyp üstünligi bilen tamamlandy. Dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde IKA-nyň kongresi hem geçirilip, oňa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýetleri gatnaşdy

Erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8, jemi 15 agram derejesinde diýseň çekeleşikli geçen ýaryşlar ildeşlerimize 15 medal getirdi. Olaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş we 4-si bürünç medallardyr. Altyn medallary milli ýygyndymyza Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli), Mariýa Lohowa (70 kilograma çenli), Wepa Awlýakulyýew (60 kilograma çenli), Sabina Kadyrowa (78 kilograma çenli), Daýanç Omirow (81 kilograma çenli) getirdi. Kümüş medallara bolsa ezber türgenlerimiz Aýşirin Haýdarowa, Aýnur Amanowa, Sanjar Abdyrahmanow, Şatlyk Jumanyýazow, Jahan Muhammedowa, Sabina Agajanowa mynasyp boldy. Bürünç medallara Gülşat Annaýewa, Ruslan Esgerow, Sapa Sapaýew eýe boldy. 

Soňky ýyllarda türkmen türgenleri kuraş boýunça geçirilýän halkara ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazandylar. Hindistanda geçirilen XIII dünýä çempionatynda ildeşlerimiz 1 kümüş we 2 bürünç medal gazanypdylar. Şu gezekki ýaryşda bolsa ýurdumyzyň ýygyndy topary medallaryň umumy sany boýunça beýleki toparlardan ep-esli öňe geçmegi başardy. Altyn medallaryň sany babatda diňe özbegistanly pälwanlar ildeşlerimizden öňe geçdi. Olar 7 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular. Toparlaýyn görkeziji boýunça üçünji orny 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen Gazagystanyň ýygyndysy eýeledi. Çempionata gatnaşan ýurtlaryň 16-syna wekilçilik eden pälwanlaryň hormat münberine çykmagy bolsa kuraşyň dünýä ýüzünde barha gerimini giňeldýändigini äşgär edýär. 

Şu ýerde dünýä sport söýüjileriniň nazaryny Garaşsyz Diýarymyza gönükdiren çempionatyň üstünlikli geçirilmeginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny barada-da aýratyn durup geçesimiz gelýär. Şeýle giň gerimli, taryhy wakanyň ýokary derejede dünýä ýaýylmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekommunikasiýalar we habar beriş ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatda döredýän şertleriniň ajaýyp miwesidir. Çempionatyň bäsleşikleri «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly «Türkmenistan Sport», «Ýaşlyk», Täjigistan Respublikasynyň «Warziş», Özbegistan Respublikasynyň «Sport» teleýaýlymlarynda, şeýle hem ählumumy internet torunda göni ýaýlymda görkezildi. «Mir 24», «TRT Avaz», «CCTV», «Euronews» teleýaýlymlarynda bu ýaryşa bagyşlanan ýörite gepleşikler we wideorolikler ýaýlyma berildi. Şeýle hem bu çempionat barada Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň «Asiavision» habarlar toparynyň Halkara habarlar merkeziniň ýaýlyma beriş kompaniýalarynda beýan edildi. Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky makalalar Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) we Sport metbugatynyň Aziýa birleşiginiň (ASPU) neşirlerinde çap edildi. Ýurdumyzda üç dilde neşir edilýän «Türkmen sporty» gazetiniň bolsa 29-njy noýabrda çykan sany tutuşlygyna Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna bagyşlandy. Munuň özi türkmen sportunyň, ýurdumyzyň habar beriş ulgamynyň dünýä giňişligine barha ynamly aralaşýandygynyň guwandyryjy görkezijisidir. Munuň şeýledigine Halkara kuraş assosiasiýasynyň Baş sekretary Reza Nassiriniň: «Türkmenistanyň has uly netijelere-de ýetjekdigine ynanýaryn. Türkmenistan — sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürýän ýurt. Bu ýerde köp sanly sport toplumlaryny görmek bolýar. Adamlaryň sport bilen meşgullanmagy we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin hemme şertler döredilen. Bu bolsa örän ajaýyp» diýen buýsançly sözleri-de güwä geçýär. 

Bagtyýar döwrümizde tutuş halkymyzyň guwanjyna öwrülen, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynamyny ödän çempionlarymyzy beýik ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! 

Türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýyny belende galdyran Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyslary nazarlaýan belent tutumlary rowaç bolsun! 

 

Perman SAPAROW,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.