Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygyna barýan günlerimizde ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda köp sanly täze bilim edaralary, çagalar baglary, orta, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleri, okuw-terbiýeçilik toplumlary açylyp ulanmaga berildi. Halkymyza peşgeş berlen döwrebap bilim ojaklary döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlydygyny, ykdysady mümkinçiliklerimiziň halkyň bähbidine gönükdirilýändigini subut edýär.
Hormatly Prezidentimiziň taryhy Karary bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy buýsançly wakalar boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň, okuw-terbiýeçilik toplumynyň, iňlis diline ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň onlarçasynyň açylmagy ähli halkymyzda uly begenç, joşgun döretdi.
Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada umumy sapak geçmegi baýramçylyk dabarasyny has-da artdyrdy, 2023-2024-nji okuw ýylyna ak pata, özboluşly badalga boldy. Mähriban Arkadagymyz bu umumy sapagynyň dowamynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler, gözbaşy has gadymy döwürlerden gaýdýan nesil terbiýesi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribämiz barada söhbet ederis. Döwür hakda, beýik geljegimiz hakda, bizi gyzyklandyrýan meseleler hakda pikir alşarys» diýip, okuw sapagynyň baý many-mazmunyny beýan etdi. Döwleti dolandyrmakdaky baý tejribesine daýanyp, halka hem Watana hyzmat etmegiň kämil nusgasyny döreden döwrümiziň beýik şahsyýeti, milletimiziň ussat mugallymy Gahryman Arkadagymyz umumy sapagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň gazananlaryny berkitmek, döwletimiziň halkara gatnaşyklarda tutýan orny, öňe sürýän «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň ähmiýeti, ÝUNESKO-nyň görnük li sanawynda mynasyp orun alan milli gymmatlyklarymyz, şöhratly taryhymyz, gadymy türkmen döwletlerini binýat eden beýik şahsyýetlerimiz, kämil eserleri bilen türkmen edebiýatynda mynasyp orun alan şahyrlarymyz, olaryň bitiren uly işleri barada giňişleýin gürrüň berdi.
Ýaşlarymyzyň mähriban Arkadagymyzyň pentlerine ygrarly, Arkadagly Serdarymyzyň beýik tutumlaryny mynasyp durmuşa geçirýän kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin, ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi muňa şaýatlyk edýär.
Mähriban Arkadagymyzyň umumy sapagy ählimiz üçin watansöýüjiligiň beýik nusgasy, ynsan bolup ýaşamagyň, bilim alyp, tutanýerli zähmet çekmegiň kämil mekdebi, her birimizi beýik üstünliklere atarjak ak ýoldur. Ata Watanymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, mertebeleri belent, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet
we ýaşlar sAyýasaty baradaky komitetiniň başlygy.