Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygynyň çäreleri bilen utgaşyklylykda giňden bellenip geçildi.Ajaýyp senäniň şanyna welaýatymyzda geçirilen dabaralar ýakymly duýgulary peşgeş berdi.
Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda bolan medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti welaýat häkimligi, Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Oňa edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, okuwçy we talyp ýaşlar hem-de beýleki ildeşlerimiz ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Owadan sahnadan ýaňlanan belent mukamlar, şirin owazlar welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyga mynasyp toý sowgady — täze sungat çykyşlary bilen taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Joşgunly aýdym sazlarda, milli we döwrebap öwüşginli tans, şeýle-de halk döredijilik çykyşlarynda berkarar Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp başlangyçlary esasynda dünýäde barha arşa göterilýän şan-şöhraty, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, dost-doganlyk buýsançly waspyny tapdy. Baýramçylyk konserti oňa gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyryp, toý şatlygyny goşalandyrdy.
Resul IŞANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal
welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.