Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Döwletli Diýarymyzyň okgunly ösüşlerinde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň iňňän uly paýy bar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy şolaryň arasynda iň irki döredilenidir. Syýasy partiýa indi 32 ýyldan bäri hereket edip gelýär. Bu partiýanyň netijeli işi, döwlet syýasatyndaky orny ildeşlerimiziň her birine aýandyr.
Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş partiýa 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda geçirilen I Esaslandyryjy gurultaýynda döredildi. Şondan bäri partiýanyň gurultaýlarynyň 10-a golaýy geçirildi. 30 ýyldan gowrak taryhynyň dowamynda partiýa öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, öz Tertipnamasyna we Maksatnamasyna laýyklykda alyp barýar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy alyp barýan işleriniň ählisinde hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesinden ugur alýar. Partiýa öz iş ugurlaryny döwlet syýasatyny, maksatnamalaryny we sakasynda hormatly Prezidentimiz duran beýik tutumlary durmuşa geçirmäge, Garaşsyz döwletimiziň özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga, jemgyýetiň kämil guralmagyna ýardam bermäge gönükdirýär. Başgaça aýtsak, bu partiýa döwlet bilen halkyň, jemgyýet bilen şahsyýetiň arasynda hoşniýetli arabaglanyşygy sazlaşdyryp, özara ysnyşyklylygy emele getirýär.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri we işjeň agzalary yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerim bilen amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, halk köpçüliginiň işjeňligini has-da artdyrmak, zähmetkeşleri ýokary öndürijilikli we döredijilikli işe höweslendirmek, ylmyň soňky gazananlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmak, zähmet köpçüliginde agzybirligi, jebisligi berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ýaly wezipelerden ugur alýar. Şol bir wagtyň özünde-de, partiýa ilatyň bähbidini goldap we gorap, hemişelik galkynyşy, asudalygy, rahatlygy, milletara agzybirligi, jemgyýetiň jebisligini üpjün etmek üçin giň gerimli işleri alyp barýar.
Häzirki wagtda partiýa özünde 5 sany welaýat, 8 sany şäher, 39 sany etrap partiýa komitetini birleşdirýär. Şol komitetleriň 10-sy biziň welaýatymyzda hereket edýär. Şol sanda, olaryň biri welaýat, ýene biri şäher, galan sekizisi bolsa etrap komitetleridir.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň güýçlerini birleşdirip, bir maksada gulluk etmegi esasy bellenilmeli ýagdaýlaryň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda syýasy partiýalaryň üçüsi üstünlikli işleýär. Olar birek-birek we iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde sakasynda Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz duran beýik işleri wagyz etmäge, düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga gatnaşýar. Bu jebislik ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe ilerlemegine ýardam edýär.
Merdan DOSMEDOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty