Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
15.12.2023

HUSUSY PUDAKDA IŞLER ILERI

 

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek, Täze ýyly zähmet sowgatlary bilen mynasyp garşylamak ugrunda yhlas edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 30-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde söwda toplumynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň guralmagynyň möhümdigine ünsi çekip, olarda ildeşlerimiziň baýramçylyk saçaklaryny naz-nygmatlar bilen bezemegi üçin dürli görnüşli harytlaryň bolmalydygyny tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda baýramçylyk söwdasy guralýar, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň 25-nji noýabrda geçirilen 4-nji maslahatynda «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun kabul edildi. Ýurdumyzyň geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň ugurlary anyk kesgitlenip, onda ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini, hususy pudagy ösdürmek üçin şertlerdir mümkinçilikler hem göz öňünde tutulandyr. Ol «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda», «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» we beýleki döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnyp taýýarlandy.

Geljek ýylda ýurdumyzda iri gurluşyklar, şol sanda senagat desgalarynyň bina edilmegi göz öňünde tutulýar. Milli ykdysadyýetimize öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri dowam etdiriler. Şeýle-de ähli sebitlerde we paýtagtymyzda durmuş maksatly binalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, umumy-bilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, suw we lagym geçirijileriň, awtoulag ýollarynyň, söwda-dynç alyş merkezleriniň gurluşyklary meýilleşdirilýär. Mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga aýratyn ähmiýet berler. Gürrüňi edilýän esasy maliýe resminamasynda döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň býujeti barada aýratyn görkezijileriň beýan edilmegi bellenmäge mynasypdyr.

Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet tarapyndan geçirilýän çäreler ýurdumyzda telekeçiligiň işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem hususy pudagyň işine döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw bermek wezipelerine aýratyn orun berilýär.

Ýurdumyzda kiçi we orta işewürligi ösdürmekde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, şeýle hem eksport ugurly önümleriňdir harytlaryň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmakda yzygiderli tagalla edilip, bu babatda oňyn netijeler gazanylýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 109 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgininiň 109,4 göterime deň bolmagy-da tassyklaýar.

Türkmen telekeçileri häzirki döwürde ykdysadyýetiň täze pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň mineral-çig mal baýlyklaryny işläp taýýarlamakda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirýärler. «Döwlet hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu ugurda döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Telekeçilik ähli sebitlerde ilerledilýär. Hususy pudak giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Gurluşyk kärhanalarymyz senagat, durmuş, medeni maksatly desgalary gurýarlar, şäherlerimizi, obalarymyzy abadanlaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Biz ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornuny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris. Täze bazarlary özleşdirmäge, bar bolanlaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýäris. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, halkara bazarlara erkin bäsleşikli şertlerde çykmak, harytlaryň päsgelçiliksiz hereketini üpjün etmek üçin tagalla etmelidiris. Bu ugurda ykdysadyýetiň hususy pudagyny we hyzmatlar bölegini ösdürmegiň, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň konsepsiýalaryny hem-de eksport ugurly senagaty goldamagyň strategiýasyny taýýarlamagy zerur hasaplaýaryn» diýip belledi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän işewürlik duşuşyklary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezýär. Olaryň netijeleri Türkmenistana bolan uly gyzyklanmalaryň aýdyň beýanydyr. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen Türkmen-German işewürlik maslahatynyň, 22-23-nji noýabrynda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda guralan «Türkmenistan: maýa goýum we ösüş» atly forumyň netijeleri hem görkezýär. Bu saparlara ýurdumyzyň gurluşyk, oba hojalyk, şol sanda ekerançylyk, maldarçylyk, balykçylyk, ýyladyşhana, azyk senagaty, dokma, asma potolok, izogam, tehniki uglerod, plastik turba, polipropilen halta, multifilament ýüplük, kagyz, karton önümçiligi, halkara söwda ugurlarynda işleýän hususy kärhanalarynyň, hojalyk jemgyýetleriniň wekilleridir telekeçileri hem gatnaşdylar. Olaryň geçiren gepleşiklerinde, duşuşyklarynda ençeme ylalaşyk gazanyldy, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlendi.

Ýakynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisiniň, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň geçirilmegi-de bu ugurda köpugurly gatnaşyklary ilerletmekde yzygiderli tagalla edilýändigini tassyklaýar.

Şulardan görnüşi ýaly, türkmen telekeçileriniň işleri ileri, gadamlary batly. Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkidýän, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Saparmyrat OWGANOW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 

Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty