Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
15.12.2023

ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ EGSILMEZ GÜÝJI

 

Dünýäniň häzirki zaman syýasy, ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar diňe bir döwletiň ösüşini däl, eýsem, uzak geljegi nazarlaýan halkara gatnaşyklarynyň ösüşini kesgitleýän strategik güýçdür. Ýaş raýatlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna hem-de maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Hut şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini artdyrmagy, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belleýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, durmuş goraglylygyny üpjün etmek we döwlet tarapyndan goldaw bermek kanuny esasda kepillendirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip beýan edilendir. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şunda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek esasy maksatlaryň hatarynda durýar. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna, şol sanda ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi gowulandyrylýar. Olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiz ýörite Karar bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» tassyklady. Bu Strategiýa ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaş raýatlarymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Strategiýanyň esasy wezipeleriniň hatarynda, ýaşlary sebit we halkara meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň çekmek üçin şertleri döretmek, ýaş raýatlary ählumumy hem-de sebit derejelerindäki hökümetara forumlaryň işine gatnaşmaga çekmek, şeýle hem Türkmenistanyň ýaş wekilleriniň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga bagyşlanan işine gatnaşmagyny höweslendirmek ýaly işler bar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy bu Strategiýany durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetlidir. 

Döwletimiziň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler bagtly geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde ýaşlar jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli çygyrlaryna işjeň gatnaşýarlar. 

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 30-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirip, degişli ýolbaşçylara şu ýylyň ahyrynda guraljak ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hakynda tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2-nji dekabrda Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Söwda-senagat edarasynda maslahat geçirdi. Şol maslahatda ýaşlar forumynyň üstünlikli guralmalydygyna, şu ýylyň dowamynda ýaş raýatlaryň dürli ugurlar boýunça gazanan üstünliklerini beýan edýän ýaşlar forumynyň açylyş dabarasynyň unudylmajak pursatlara beslenmelidigine we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp jemlenmesine öwrülmelidigine ünsi çekdi. Şeýle-de bu babatda degişli tabşyryklary we öwüt-nesihatlaryny berdi. Ýene-de sanlyja günlerden geçiriljek ýaşlar forumynyň we sergisiniň işine uly üstünlikleri arzuw edýäris. Döwletli forum oň bolsun! 

Ýaşlaryň bagtyýar durmuşy hem-de geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. 

 

Jennet ÖWEKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy