Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
15.12.2023

MEDENI ULGAMYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY

 

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň öňe sürýän adamzat ähmiýetli başlangyçlary, amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleri we ýeten belent sepgitleri dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär we ykrar edilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde türkmen halkynyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan ruhy gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny, maddy we maddy däl medeni baýlyklaryny dikeltmäge, ylmy esasda öwrenmäge, ösdürmäge we geljekki nesillere miras galdyrmaga uly ähmiýet berilýär. 

Medeni, maddy, ruhy mirasa, däp-dessurlara, çeper döredijilige uly üns berýän halkymyzyň bu ugurda hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli kanunçylygymyzy yzygiderli kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak işinde, kanunlar işlenilip taýýarlanylanda milli ýörelgelere, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda halkymyzyň iň gowy bähbitleriniň nazara alynmalydygy barada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary yhlasly zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen şu ýylyň 6-njy aprelinde geçiren duşuşygynda: «Garaşsyz Watanymyzda milli däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy, milli mirasymyzy, şol sanda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, olary bütin dünýä ýaýmak bilen bir hatarda, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda-da maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýurdumyz halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýokary derejede ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, aýap saklamak, peýdalanmak, ýaýratmak we döwlet goragy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilse dogry bolar diýip hasap edýärin» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynyň gün tertibine girizilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, milli medeniýet babatda işi ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn ýörelgelerine laýyklykda taýýarlanyldy. 

Bu Kanunda ulanylýan birnäçe düşünjeler häzirki döwrüň tejribesi esasynda täzeçe beýan edilip döwrebaplaşdyryldy we degişli sözleri goşmaça girizmek arkaly işleriň beýleki zerur ugurlary göz öňünde tutuldy. Şeýle hem kanunda seljerişiň obýektleri, seljerişiň netijesi, döwlet taryhy-medeni seljerişi geçirmek bilen baglanyşykly kadalar öz beýanyny tapdy. Seljeriş geçirilende netijenamany bermek üçin milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlyklaryny düzgünleşdirmek bilen bagly kadalar göz öňünde tutulandyr. 

Döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň çäginde diňe goraghanalaryň işi bilen bagly desgalaryň gurluşygyna ýol berilýändigi, şeýle desgalaryň gurluşygynyň ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylan taslamalar boýunça amala aşyrylýandygy baradaky düzgünler kesgitlenilendir. Bu Kanun hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeleriň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine we häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam eder. 

Türkmenistan döwletimiziň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny, il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we 

ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.