Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha rowaçlanýar. Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýylynyň içinde dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklarynyň netijesinde, içeri we daşary syýasatda saýlap alan ýolunyň nusgalykdygyny hemmetaraplaýyn subut etdi.
Taryhyň islendik döwrüni alanyňda-da, halkymyzyň hoşniýetli ýörelgelere eýerendigine şaýat bolýarsyň. Bu ýörelgeler, däp-dessurlar bolsa Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzmek bilen, daşary syýasatymyzda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy, ilki bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň 3-nji duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Yslamabat Jarnamasy, soňra Goşulyşmazlyk Hereketine girýän ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň konwensiýasynyň Jemleýji resminamasy bilen tassyklanyldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň, şeýle-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi aýratyn möhüm waka bolup taryha ýazyldy. Döwletimiz iň iri halkara guramasy tarapyndan şeýle derejä eýe bolan ilkinji we ýeke-täk döwletdir.
Bitaraplyk — munuň özi Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy goramaga we pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynda birek-birege bolan hormatyň, ynamyň, dost-doganlygyň, goňşuçylygyň, deňhukuklylygyň ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň esasy binýady bolup çykyş edýär. Bitaraplyk — biziň halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşmeýilli, ynsanperwer syýasatynyň dabaralanmasydyr. Bitaraplyk — howpsuzlyga, durnukly ösüşe we özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uzaýan nurana ýoldur. Biziň döwletimiz parahatçylygy we ylalaşygy kemala getirmegiň bähbidine daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ählumumy ösüşe we abadançylyga esaslanýan hyzmatdaşlygynda uly üstünlikler gazanylýar. Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki zamanyň möhüm meseleleri we wezipeleri boýunça oňyn çözgütleri işläp taýýarlamakda anyk başlangyçlary öňe sürmek bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin BMG-niň strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar. Umuman, döwletimiz halkara gatnaşyklar ulgamynda möhüm meseleleri çözmegiň guralyny döredip, has kämil çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär.
Häzirki wagtda ýaşlar syýasaty hem halkara derejesinde işjeň ösdürilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalara, halkara maslahatlardyr forumlara, festiwallara hem-de sergilere baý bolup, türkmen ýaşlarynyň durmuşyny ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara besleýändigini buýsançly bellemek gerek. Hut şu ýylda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi. 16 — 18-nji noýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forumy uly üstünlikler bilen geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolsa, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigini aýdyp: «Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemini jemläris» diýip belledi. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp jemlenmesi bolar.
Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň barha dabaralanmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty