Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
19.12.2023

RÖWŞEN YKBALLY NESILLER

 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýamy­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de jemgyýeti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni, dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni has-da pugta­lan­dyr­ýan düýp­li öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Mu­nuň özi hemi­şe­lik Bita­rap­ly­gy­nyň 28 ýyl­ly­gy­ny uly toý-da­ba­ra­lar bi­len baý­ram eden Di­ýa­ry­my­zy dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly, öň­de­ba­ry­jy, gül­läp ös­ýän döw­let­le­riniň bi­ri­ne öwür­mek, ag­zy­bir türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar, aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny, nu­ra­na gel­je­gi­ni üp­jün et­mek ýa­ly asyl­ly tu­tum­la­ry­my­zyň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­niň bin­ýa­dy­ny has-da ber­kid­ýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam tapýan köpugurly ösüşlerde, jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmelerde ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty saýylýan ýaş nesliň mynasyp orny bardyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtamagy şeýle mizemez hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. Bagtyýar ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda hem-de belent ahlak ýörelgelerimize laýyklykda terbiýelemekde, strategik maksatnamalarymyzyň geljekde hem rowaçlyklara beslenmeginde ýaş nesillerimiziň mynasyp ornuny pugtalandyrmakda döredilýän şert-mümkinçilikler bolsa, sözüň doly manysynda, nusgalykdyr. Şeýle asylly maksadyň myradyna gowuşmagy üçin hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde goldaw-hemaýatlary berip, biz — ýaşlara uly ynam bildirilýändigi aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň röwşen ykbalyna gönükdirilen döwletli tutumlaryň hatary öňküden hem artyp, mazmun taýdan has-da baýlaşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda ýakynda Mary şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forumy muny tassyklaýan şeýle taryhy wakalaryň biridir. Ýokary guramaçylyga eýe bolan bu halkara derejeli çäräniň taryhy ähmiýetiniň howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilimde, ylymda we innowasiýada, medeniýetde, sungatda ýaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekki üstünliklerinde mynasyp beýanyny tapjakdygyny aýratyn ynam bilen nygtap bolar. Parahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, dostlugy berkitmekde, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ýaşlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasynda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmekde, halklaryň we döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine gönükdirilen täze mazmunly gatnaşyklary ýola goýmakda hem bu halkara forum täze mümkinçilikleri açdy. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözel ýerleriniň birinde «Güneşli» ady bilen bina edilmegi meýilleşdirilýän täze merkez hem ýaş nesliň bagtyýarlygy babatda döwletimiz tarapyndan edilýän nusgalyk aladalaryň biri bolar. Şu ýerde aýratyn ünsi çekesimiz gelýän buýsançly ýagdaýlaryň biri hem hormatly Prezidentimiz täze merkezi paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde, tämiz howaly ajaýyp künjekde, arassa ekologik gurşawyň jümmüşinde gurmagy tabşyrdy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýokary derejeli bilimli bolmaklaryny, döredijiligiň üsti bilen tebigy ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklerini üpjün etmek bilen birlikde, olaryň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny hemmetaraplaýyn goramak meselesini naýbaşy orunda goýýandygyny ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşmagy ýaş nesliň bagtyýar geljegi hakyndaky köpugurly aladalaryň nobatdaky beýany boldy. Sebäbi ýaşlaryň şäheri hasaplanylýan Arkadag şäherinde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurulmagy ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine döwletimiz tarapyndan berilýän uly ünsüň mynasyp görkezijisidir. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryna daýanyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty netijesinde watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly belent ahlak duýgularyny ýüregine-kalbyna keşdelän, dost-doganlygy, hoşniýetli gatnaşyklary gündelik durmuşlarynyň mizemez ýörelgesine öwren, häzirki zaman tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly türkmen ýaşlaryny kemala getirmekde alnyp barylýan köptaraply tutumlar, gazanylýan üstünlikler dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna, mynasyp bahasyna eýe bolýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi munuň anyk tassyknamasydyr. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ägirt uly aladalar edýän hem-de ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty