Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk ekinleri bolan däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, gök ekerançylyk, miweçilik, bakjaçylyk, şol sanda üzümçilik, bagçylyk ýaly ekinler halkymyz üçin esasy azyk çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ekerançylykda tohumçylygyň hil derejesini ýokarlandyrmakda, ekologiýa taýdan arassa azyk bolçulygyny döretmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Agrosenagat pudagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýar. Şol sebäpden ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdepleriniň oba hojalygyny ylmy taýdan ösdürmek babatda alyp barýan işleri, ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleriniň goşýan goşandy uludyr. Tohumçylyk işini alyp barmak, ekerançylyga edilýän agrotehniki idegleri kämilleşdirmek, suwaryş ulgamynda täzeçil usullary synagdan geçirmek, durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini has hem kämilleşdirmek oba hojalyk işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ileri tutulýan bu ulgamda sebit we halkara, mundan başga-da, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giňelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Alnyp barylýan köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutýan ugurlary oba hojalygynda azyk bolçulygyny üpjün etmekden hem-de eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam berýän giň gerimli işleri döwrebaplaşdyrmakdan ybarat. Soňky ýyllarda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, tohumçylyk işiniň kämilleşdirilmegine, oba hojalyk ylmynda ýokary tehnologiýalaryň, iň soňky gazanylanlaryň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, şol sanda ugurdaş daşary ýurt edaralary bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşi bilen hyzmatdaşlyk etmek bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesini ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Muňa mysal hökmünde Russiýa Federasiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, ekerançylykda bugdaýyň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça tejribeler alyşmak üçin ileri tutulýan ugurlaryň kesgitlenilendigini aýtmak bolar.
Ýurdumyzda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, täze obadyr şäherçeler, döwrebap tohum saklanýan ammarlar toplumlary we elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Obasenagat toplumyny ösdürmekde hususyýetçi daýhanlaryň paýyna hem möhüm wezipeler düşýär. Däneçiligi, gök ekerançylygy, miweçiligi, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmekde hususyýetçiligiň orny giň gerime eýe bolýar. Obasenagat toplumy üçin bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda hünärmenleriň bilim derejesiniň kämil bolmagyna, olaryň ylmy iş alyp barmagyna, ýerleriň melioratiw ýagdaýyndan baş çykarmagyna hem-de ekerançylykda ekin dolanyşygyny amala aşyrmagyň ýollaryny bilmeklerine üns berilýär.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Munuň özi häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işini sazlaşykly alyp barmak, önümçilige täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Gurulmagy meýilleşdirilýän ylmy-barlag önümçilik institutlarynda ekerançylykdan bol hasyl almakda nusgalyk tohumlary ýetişdirmek, pagtaçylyk, däneçilik, gök-bakja önümleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginiň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de ylmy esasda öwrenmek we ösdürmek döwrüň talaby bolup durýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň ýakyn geljekde bu şäherde kämil derejeli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepli, ylmy-barlag tohumçylyk institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörediljekdigini bellemegi oba hojalykçy, seçgiçi alymlaryň başlaryny göge ýetirdi. Şeýle döwlet ähmiýetli işler daýhanlaryň işiniň ilerlemegine, olara ýerden bol hasyl almaga, köp girdeji gazanmaga, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga itergi berer.
Ýurdumyzda tohumçylygy aýawly goramaga we ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýän, bag ekmek ýaly sogaply işlere, daşky gurşawy, tebigatyň täsinliklerini goramak ýaly parz işlere badalga berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Arslan HAÝYDOW,
TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.