Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parahatçylyk söýüji daşary syýasaty Gahryman Arkadagymyzyň beýik maksatly başlangyçlarynyň dowamy bolmak bilen, halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen ýola goýan ählumumy abadançylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen täze başlangyçlary, söwda-ykdysady, ulag-logistika, maýa goýum babatda hyzmatdaşlygy barha giňeýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle hem özara bähbitli, deň hukukly gatnaşyklaryň şertnamalaýyn hukuk binýadynyň kemala gelmegi babatda döwrebap işler durmuşa geçirilýär.
2023-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky üçünji maslahatynda garalan birnäçe kanunlaryň taslamalary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Maslahatda 2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda we 2023-nji ýylyň 20-nji martynda Doha şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda kanun taslamalary hödürlendi. Bu ylalaşyklaryň esasy maksady taraplaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we güýçlendirmek, maýa goýumlaryny höweslendirmek, ylalaşýan taraplaryň döwletleriniň çäklerinde maýadarlaryň maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmek hem-de olary iki taraplaýyn goramak bolup durýar. Bu kanunlar ýurdumyzyň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň üstüni ýetirmek bilen, özara gyzyklanma bildirilýän meselelere we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna garamaga hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklarymyzy ösdürmäge we güýçlendirmäge uly ýardam eder. Maslahatyň dowamynda başgada birnäçe Konwensiýa we Ylalaşyga goşulmak hakynda kanun taslamalaryň üstünde durlup geçildi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, dünýä döwletleri bilen ulag-logistika geçelgelerini döretmek boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek barada hem uly işler alnyp barylýar.Ýurdumyz Demirgazyk -Günorta we Gündogar - Günbatar ugurlary boýunça ulag üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe, Özbegistan - Türkmenistan - Oman - Katar we Ýewropa - Kawkaz - Aziýa halkara ulag geçelgesi (TRACECA) ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar. Bu ulgamda hem ýurdumyz dünýä döwletleri bilen durnukly ulag geçelgelerini döretmek babatda gatnaşyklaryň şertnamalaýyn hukuk binýadynyň kemala gelmegi babatynda hem döwrebap işleri durmuşa geçirýär. 1998-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Baku şäherinde kabul edilen Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köp taraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda kanun taslamasyna garaldy.
Bu Ylalaşykda oňa gatnaşyjy döwletleriň Ýewropa, Gara deňiz, Kawkaz, Hazar deňizi we Aziýa sebitlerinde ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, söwdany hem-de halkara ýük we ýolagçy geçirmeleri üstaşyr amala aşyrmak babatdaky kadalar göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň bu Ylalaşyga goşulmagy dünýä döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, halkara bazarlaryna çykmaga, halkara ýük geçirmelerini artdyrmaga hem-de ýükleriň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmäge ýardam eder.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aly RAHMEDOW,
Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.