Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly şanly hem taryhy wakalary bilen şöhratlanýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny hem şeýle ýyllaryň hataryna buýsanç bilen goşup bileris. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini, şeýle-de, ýurdumyzyň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanylmagyny üstümizdäki ýylyň şöhratyna şöhrat goşan wakalar hökmünde görkezmek bolar.
Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, hakykatdan-da, taryhy wakadyr. Bu çözgüt 5-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edildi. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň dünýädäki abraýyna abraý goşulmagynda milli mirasymyzyň, gymmatlyklarymyzyň hem örän uly ornunyň bardygyna şu çözgüdiň kabul edilmeginiň özem aýdyň güwä geçýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň nyşany bolup, bu şanly waka behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmakda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary edýändigini, milli atşynaslyk sungatymyzyň dünýä ýaýylýandygyny äleme aýan etdi.
Türkmenistanyň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanylmagy-da üstümizdäki ýylyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly waka boldy diýip buýsanç bilen aýtmaga doly hakymyz bardyr. Bu taryhy çözgüt Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesine esaslanýan hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrýan beýik işleriniň, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän parasatly daşary we içeri syýasatynyň, netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine döwletimiziň işjeň gatnaşmagyny üpjün edýän ägirt uly tutumlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa we ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Goý, ajaýyp zamanamyzda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadyp, eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň has-da belende göterilmegi üçin nusgalyk işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni