Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
27.12.2023

ÝURDUMYZYŇ KUWWATY WE GELJEGI

Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Munuň şeýledigine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara berilýän uly üns aladanyň, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde döredilýän giň mümkinçilikleriň we amala aşyrylýan ägirt uly işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça şu gün - 27-nji dekabrda Aşgabatda geçirilýän ýaşlar maslahaty hem ýaşlaryň ykbalynda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn möhüm waka bolar.

Milli Liderimiz ýaşlary hemişe jemgyýetiň öňdebaryjy gatlagy, kuwwatly güýji hasaplaýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary geçirilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara uly ynam bildirilýändigini nygtamagy munuň aýdyň subutnamasydyr. «Siz ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň örän möhüm, jogapkärli tapgyrynda — täze onýyllykda alyp barýan işlerimizi üstünlikli dowam etdirmelisiňiz!» diýip, Milli Liderimiz belleýär.

Demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň, ýerli halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ýeňiş gazanan öňdebaryjy ýaşlarymyz bu gün Watanymyzyň, halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýan işlere işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlarymyz saýlaw esasynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralaryna halkymyzyň wekili hökmünde saýlandylar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň düýp many-mazmunynda hem ýurdumyzyň geljeginiň binýadyny esaslandyryjylar bolan ýaşlara bildirilýän uly ynam äşgär görünýär.

Diňe ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde hem ilkinji «akylly» we «ýaşyl» şäher bolan Arkadag şäheri «Ýaşlaryň şäheri» diýen belent derejä eýe boldy. Täze şäheriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly açylmagy halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Gujurly we zehinli türkmen ýaşlary «akylly» şäherde ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalara ezberlik bilen erk edýärler. Şäherdäki «akylly» öýleri ykjam enjamlar bilen dolandyrýan «Arkadagly ýaşlar» programmasynyň türkmen ýaşlary tarapyndan döredilmegi hem buýsandyryjy ýagdaýdyr.

 Ýaşlaryň ajaýyp zamanamyza bolan ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmek, dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmek maksady bilen, «Arkadagly ýaşlar» atly täze çeper-publisistik, ylmy-populýar elektron žurnaly döredildi. Bu başlangyjyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan goldanylmagy ýaşlaryň ylmy açyşlarynyň, döredijilik ukyplarynyň, öňdebaryjy pikirleriniň, belent maksatly tutumlarynyň rowaç bolmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesidir.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş- ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek babatda kanunçylyk-hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Kanunyň rejelenen görnüşi taýýarlanylanda ýurdumyzyň ýaş wekilleriniň pikirleriniň, teklipleriniň göz öňünde tutulandygyny aýratyn nygtamak zerur. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň esasynda ýaş raýatlaryň talabalaýyk bilim almagy, zähmet çekmegi, döredijilik işleri bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän ýaşlar syýasaty durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalara baý ýyl boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň geçirilmegi şol taryhy ähmiýetli wakalaryň biridir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlykda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi. Ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde şu ýyl ýurdumyzda uly çäreler üstünlikli geçirildi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili», Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara ýaşlar forumlarynyň geçirilmegi bu babatda möhüm ädim boldy.

Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, ylym we bilim olimpiadalarynda ýeňiji bolan, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyz geljekki ýeňişlere ruhlanýarlar. Şu toý-baýramly günlerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy kalbymyzy has-da buýsançly duýgulara besleýär. Bu kitabyň her bir jümlesinde ýaşlara bolan ynamyň älem ýaly çäksizligi, umman ýaly çuňlugy, asman ýaly belentligi görünýär. Hormatly Prezidentimiz bu kitabyň üsti bilen türkmen ýaşlaryna halka, adamzada hyzmat etmegiň belent nusgasyny, terbiýe mekdebini görkezýär, jemgyýete wepaly şahsyýet bolup kemala gelmegiň ýol-ýörelgesini salgy berýär. Bu ajaýyp kitap üçin bagtyýar döwrümiziň baýdak göterijileri bolan ruhubelent ýaşlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.

Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen ýaşlary bilen geçiren umymy sapagynda aýdan: «Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen, öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen ganatly jümlelerini özümize mertebe hem-de belent borç bilýäris. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar şu nurana ýol bilen beýik geljege barýarlar.

 

Ýazpolat KERIÝEW

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy

Mejlisiň deputaty