Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
28.12.2023

MAŞGALA BAÝRAMÇYLYGYNDA DURMUŞ TOÝY

 

Toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara baý bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem tamamlanyp barýar. Täze -2024-nji ýylyň öň ýanynda Arkadag şäheriniň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde ýaňlanan bagt toýunyň joşgunly aýdym-sazlary täze durmuşa gadam basýan ýaşlaryň köňül arzuwlarynyň wysaly bolup ýaňlandy. 

Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bagynyň hojalyk müdiri Kemalnazar Pirliýew öz göwün beren gözeli — Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýjahan Taňrygulyýewa bilen bagt nikasyndan geçip, durmuş toýuny tutdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Pirliýewleriň maşgalasyna goşa şatlyk getirendigini bellemek ýakymly. Şäheriň «akylly» öýlerinden paýly bagtyýar maşgalanyň täze jaý toýuny toýlany ýaňy ýalydy. Bu gün bolsa täze öýe täze gelniň gadamy düşüp, agzybir maşgalanyň şatlygy goşalandy. Maşgala ojagynyň eýesi, Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim we terbiýe bölüminiň müdiri Amanjahan Pirliýewanyň şatlyk-begenjiniň çägi ýok: 

— Maşgala durmuşymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçýän şatlykly wakalar eziz Diýarymyzyň arzuwlaryň wysal tapýan ýurdudygyny ýene bir gezek subut edýär. Täze ýyl — maşgala baýramçylygy. Maşgalamyza Arkadag şäherinden ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň berilmegi, körpe perzendimiz Kemalnazaryň täze şäheriň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda durmuş toýuny toýlamagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Bize ajaýyp zamanany peşgeş beren hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. 

Arkadag şäherinde bina edilen medeni-durmuş maksatly desgalaryň hatarynda durmuş ýoluna gadam basýan ýaşlary söýginiň hem bagtyň ak ýollaryna atarýan «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezi Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylaryna hyzmat edýär. «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde ýaşlaryň nika toýundan başlap, halkymyzyň durmuşy bilen bagly toý däpleriniň ählisini toýlamaga giň mümkinçilikler bar. 

Biz şeýle parahat döwletde ýaşap, zähmet çekýändigimize buýsanýarys. «Döwlet adam üçindir!» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalaryna jogap edip, täze ýylda has-da yhlasly, döredijilikli zähmet çekeris. 

 

Ogul­ma­ral­ HO­JA­ÝE­WA,­ 

Ar­ka­dag­ şä­he­ri­niň ­hä­kim­li­gi­niň­ Bagt köş­gü­niň ­di­rek­to­ry,­

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň­ de­pu­ta­ty