Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
30.12.2023

DÖWLETLI IŞLERE DOWAMAT ÝAGŞY

 

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary, döwlet Baş tutanymyzyň beýik işleri netijesinde, «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.

Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryha eýe türkmen halky medeni, maddy, ruhy mirasa, däp-dessurlara, çeper döredijilige baý halk. Olar halkyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen paýhas hakydasydyr, şu gününe ygtybarly ynamy, ertirine çelgidir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Medeni miras — maddy we ruhy gymmatlyklar ynsana şatlyk, ata-babalara hormat, ýaşaýşa söýgi, dowamata hyjuw döredýän gözellik älemidir. Bu älem tümlügi — gündizlige, çöli — lälezarlyga, duşmançylygy — dostluga öwürýän, ýürekleri buýsançdan doldurýan, beýnileri paýhas bilen durlaýan güýçdür» diýen sözleri her halkyň geljekki ykbalynyň geçen şöhratly taryhy ýoluna, medeni gymmatlyklaryna daýanýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmen bedewiniň şöhraty, ata-babalarymyzdan miras galan atçylyk sungaty dünýä ýaýylýar. «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlaryň eýesi bolan Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserleri bu ugurda ylmy gözlegleri alyp barjak alymlar, talyplar üçin gymmatly hazynadyr. «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserde şeýle diýilýär: «Akylyň ýetmedik ýerinde gudrat başlanýar. «Behişdi bedew», «suw aty», «ýel aty» ýaly kesgitlemeler hem-de atlarymyz baradaky ençeme ýordumlar hut şonuň ykrar edilmesidir. Bu hem tebigatyň bize beren uly serpaýydyr. Şeýle «serpaýlaryň» gadyryny bilip, arzyly saklamak bolsa olaryň ömrüni müdimi edýär». Bu eserler türkmen halkynyň taryhyň dürli döwürlerinde  syrdaşyna, dostuna öwrülen bedewleriň şöhratyny nesillere ýetirmekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda guramanyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýasyna goşuldy. 1995-nji ýylda Parižde ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Tähranda ýerleşýän klaster edarasy bu düzümiň Türkmenistan bilen alyp barýan işleriniň utgaşdyrylmagynyň meselelerine seredýär.

Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara taslamalarynyň biri bolan «UNITWIN» maksatnamasy işjeň ornaşdyrylýar. Netijede, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralarynyň, şeýle hem bu düzümiň aýratyn maksatnamasynyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylygyň dilleri», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň medeniýeti», Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz», Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary -parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klublarynyň açylmagy, umumybilim berýän mekdepleriň 6-synyň guramanyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilmegi köpugurly hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň mysallarydyr.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda döwletimiziň guramanyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň 2023 - 2027-nji ýyllar üçin agzalygyna, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna saýlanylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygyny görkezýär. Bu üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiziň  öndengörüjilikli syýasatynyň miweleridir.

 

 

Bahar SEÝIDOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet  we

ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.