Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
06.01.2024

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY

 

Birleşen Milletler Guramasy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, bu ugurdaky öňde goýlan uzak möhletli maksatlary bilelikde amala aşyrmakda ähli agza döwletleriň tagallalaryny birleşdiriji esas bolup hyzmat edýär. Bu, aýratyn hem, dünýäde syýasy deňagramlylygy saklamakda, bähbitleriň özara utgaşykly bolmagyny gazanmakda we olary bir ugra gönükdirmekde zerur bolan şertleri döretmekde uly ähmiýete eýedir. 

Täze ýylyň öňüsyrasynda BMG tarapyndan taryhy Kararnamalaryň ikisiniň kabul edilmegi bilen eziz Diýarymyzyň şan-şöhraty dünýäde ýene bir gezek dabaralandy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda geçirilen 78-nji sessiýasynyň 49-njy umumy mejlisinde «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny», şeýle hem «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda işlenip düzülen energiýa birikmesi bilen bagly Kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2024-nji ýylyň başynda strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak, energiýa birikmesini hem-de energiýa çeşmeleriniň hereketini güýçlendirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, durnukly ösüşi gazanmakda we içerki energiýa çeşmeleri çäkli ýurtlaryň isleglerini kanagatlandyrmakda olaryň esasy ornuny ykrar etmek arkaly halkara hünärmenleriň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi. 

Türkmenistan diňe bir sebitiň däl, tutuş dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasy diňe bir öz ojaklarymyza däl, eýsem, doganlyk halklaryň öý-ojaklaryna-da ýalkym salyp, hormatly Prezidentimiziň adyny alkyşlara besleýär. Bu bolsa energetika pudagynyň işgärlerini has hem netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde energetika beketleriniň ençemesi, şol sanda utgaşykly dolanyşykda hereket edýän döwrebap elektrik stansiýalary gurlup, ulanmaga berildi. Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi işe girizildi, Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýar. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi gurlup, ulanmaga berildi. Öndürilýän elektrik energiýasy ýurdumyzyň umumy elektrik akymyna goşulyp, energiýa bolçulygy üpjün edilýär. 

Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen ulaglaryň ähli görnüşleri bilen bagly Kararnama bolsa 47 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi. Bu Kararnama durnukly ösüş üçin zerur bolan ähli ugurlarda ulag ulgamynyň we ulag infrastrukturasynyň dowamly işlemegine hem-de pugtalandyrylmagyna goldaw bermäge çagyrýar. 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde eden çykyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ulag ulgamyndaky Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekdi. Türkmenistan bu möhüm ugurda gepleşikler üçin netijeli halkara platformalary döretmegiň başyny başlady. Döwletimiz ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini berkidýär. «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň kanunlary ýurdumyzda hereket edýär. Olar özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy kanunçylyk esasda giňeltmäge, durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilen senesini BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany bolup durýar. 

Ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. 

 

Serdar DURDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş 

edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy