Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
09.01.2024

MILLI GYMMATLYKLARYŇ GORAGLYLYGY UGRUNDA

 

Türkmen halkynyň döreden baý medeni mirasy ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň we onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, medeni ulgamda ösüş gazanmagyň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Pederlerimiziň irginsiz zähmetinden, döredijilikli paýhasyndan kemal tapan maddy we ruhy gymmatlyklaryň geljek nesillere asyl görnüşinde ýetirilmeginiň, baý many-mazmunynyň özleşdirilmeginiň taryhy, medeni ähmiýeti bar. Çünki taryh şahsyýetiň giň gözýetimini, medeniýetini kämilleşdirmekde terbiýeleýji çeşme bolup hyzmat edýär. Başgaça aýdylanda, geçmişde bar bolan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarymyzdan gözbaş alyp, ata-baba geçen ýolumyzy ýörelge edinmek arkaly şu günki we geljekki ösüşleriň binýadyny gurýarys. 

Halk dünýä medeniýetine oňyn täsir eden nusgalyk ruhy baýlyklaryň mirasdüşeri bolup durýar. Şöhratly taryhymyza göz aýlasak, Oguz nesli dünýäniň çar künjeginde dolandyran döwletlerinde beýik binalary, milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan galalary gurup, binagärlik sungatynyň kämil nusgalaryny döredipdir. Netijede, türkmen topragy adamzat medeniýetiniň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanýan siwilizasiýalaryň gadymy mesgenine öwrülipdir. Muny ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gadymy taryhyň yzlaryny özünde saklaýan arheologik ýadygärlikleriň 2 müňe golaýynyň saklanyp galandygy­da doly tassyklaýar. Bu ýadygärlikler öz döwründe dürli ýurtlaryň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklara, şeýle­-de Gündogar bilen Günbatar medeniýetiniň utgaşmagyna täsirini ýetiripdir. Olaryň birnäçesi bolsa umumadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edildi. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ÝUNESKO-­nyň biologik dürlülik, bütin dünýä medeni we tebigy mirasy hem­-de ony goramak boýunça Konwensiýalaryna goşulmagy BMG-­niň bu ýöriteleşdirilen guramasy bilen maksatlaýyn ugurlarda sazlaşykly işleriň alnyp barylmagynyň syýasy-­hukuk esaslaryny kesgitleýär. Tejribeden görnüşi ýaly, tebigy, medeni mirasy goramaga gönükdirilen gatnaşyklarda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen 1993-­nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk etmegi tebigy ýagdaýdyr. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta çenli Bütin dünýä mirasynyň sanawynda jemi müňden gowrak obýekt bolup, olar medeni, tebigy we garyşyk ýadygärlikler görnüşinde hasaba alynýar. Obýektleriň bu sanawa girizilmegi döwletlere seýrek tebigy toplumlaryň bitewüliginiň we goraglylygynyň üpjün edilmegini kepillendirýär. Şonuň ýaly­da, şeýle sanawlar tebigy, taryhy-­medeni ýadygärlikleriň meşhurlygynyň artmagyna, taryhy öwrenijileriň ünsüni çekmäge hem­-de häzirki zaman şertlerinde ekologik syýahatçylyk ýaly täze ugurlaryň döredilmegine mümkinçilik berýär. 

Geçen ýylyň noýabrynda kabul edilen «Milli taryhy-­medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem ýurdumyzyň halkara borçnamalardan gelip çykýan gatnaşyklary milli kanunçylyga ornaşdyrýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Bu Kanuna «seljeriş işini geçirmek» düşünjesi girizilip, ony milli taryhy­-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ýanyndaky Taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak we rejelemek boýunça ylmy-usulyýet geňeşiniň geçirýändigi kesgitlenildi. Bu geňeş hakyndaky Düzgünnama hem-­de onuň düzümi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, ýokarda agzalan ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar. 

Halkyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, ylmy esasda öwrenmek we dünýä ülňülerine laýyk derejede rejelemek işlerine aýratyn ähmiýet berlip, olar döwrebap öwüşginde dikeldilýär hem-­de baýlaşdyrylýar. Watanymyzyň geçmişde sebitiň beýleki döwletleriniň söwda­-ykdysady, medeni­-ynsanperwer ösüşine ýetiren täsiriniň biçak uly bolandygyna binalaryň durky, alymlaryň ýazgylary, arheologik ýadygärliklerden tapylýan tapyndylar baradaky maglumatlar şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän Nusaý, Köneürgenç, Gadymy Merw, Kerki, Köne Sarahs, Gadymy Dehistan, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärliklerimiz döwlet taryhy-­medeni goraghanalary diýen derejä eýe bolup, «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda goralýar. Bu hukuk resminamasynyň maksady ýurdumyzyň aýratyn goralýan tebigy çäklerini, milli, şeýle­-de sebitleýin we dünýä ekologiýa ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýan döwlet tebigy goraghana gaznasynyň desgalaryny emele getirmek, giňeltmek, goramak, dikeltmek, dolandyrmak hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygyny ýola goýmak wezipelerinden ugur alýar. 

Jemgyýetiň we şahsyýetiň deňagramly, sazlaşykly ösüşi halkara medeni hyzmatdaşlyga oňyn täsirini ýetirýär. Şol täsiriň netijesinde-­de, tutuş adamzadyň gymmatlyklar hazynasy giňeýär. Bütin dünýäde dost­-doganlyk ruhy berkeýär. Halkyň geçmişden miras galan medeni­-taryhy we tebigy gymmatlyklarynyň geljek nesilleriň hatyrasyna aýawly goralmagy, bu ugurda giň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy jemgyýetiň kämilleşmegine, döredijilikli zähmetiň rowaçlanmagyna hem ýol açýar. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.