Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
11.01.2024

DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAN OWAZ

 

Ýurdumyz şanly Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra ähli ugurlar bilen bir hatarda milli aýdym-saz sungatymyz hem buýsandyryjy ösüşlere beslenip, döwlet hory, simfoniki orkestr, opera we sirk sungaty täzeden dikeldildi. Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde dünýä belli hem-de türkmen kompozitorlary tarapyndan döredilen operalar, dürli mazmunly aýdym-saz eserleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütin äleme ýaň salýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä derejesinde ösdürmekde köp aladalar edilýär we bu ugurda giň mümkinçilikler döredildi. Dost-doganlyk ýurtlar bilen medeni gatnaşyklary yzygiderli dowam etdirmäge giň ýollar açyldy.

Zähmet çekýän sungat ojagymyzyň bagtyýar ýaşlary hem halkara derejesindäki bäsleşiklerdir festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar. Ynha, geçen ýylda hem mekdebimiziň hor topary Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen çagalaryň çeper döredijiliginiň halkara festiwalyna gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldy. Ýaňy-ýakynda bolsa Aşgabatda mekdebimiziň Ilgar Atahanowyň ýolbaşçylyk etmegindäki hor topary Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň medeniýet we sungat wekilleri bilen bilelikde konsert berdi. Ýeri gelende bellesek, hor toparymyz amerikaly sungat wekilleri bilen Mary welaýatynda hem çykyş etdi. Munuň özi iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň has-da berkäp, birek-biregiň medeniýetini we saz sungatyny giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilik boldy. 

Çagalar — durmuşyň güli, ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri. Olaryň beýik döwrümize mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerinde bolsa aýdym-sazyň uly orny bar. Sungata höwesli, çaga kalplarynda zehin uçgunlary köreýän oglanlar we gyzlar biziň sungat ojagymyza uly höwes bilen gatnaýarlar. Olar bilen kesbine kämil kärdeşlerimiz okuwlary täsirli guraýarlar. Işlerimiziň netijeli bolmagy üçin ähli zerur şertleriň bardygyny hem aýratyn belläsim gelýär. Bu bolsa ýaşlaryň sungatyň ajaýyp dünýäsine ynam bilen aralaşmagyna uly ýardam berýär. Nesip bolsa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem şowlulyklara besläris. Öňde durýan dürli gözden geçirişlere, bäsleşiklere, festiwallara işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş ederis. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ýakyndan goldamak barada alyp barýan dünýä nusgalyk tutumly işleri sungat işgärlerini zähmet üstünliklerine besleýär. Biz mundan beýläk-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän aladalaryna jogap edip, aýdym-saz sungatymyzy dünýä ýaýmakda tutanýerli zähmet çekeris. 

Goý, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Jahan ÝAROWA,

 Çärjew etrap çagalar sungat mekdebiniň sazyň taryhy we hor bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty