Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
12.01.2024

Milli mirasymyzyň hukuk binýady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan milli medeniýetimizi, mirasymyzy goramak, aýap saklamak we ony geljekki nesillerimize ýetirmek ýaly asylly işler döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilip, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmek, ýaýratmak, halkara derejesine çykarmak üçin ýerine ýetirilen işler halkymyzy guwandyrýar. Türkmeniň milli mirasy taryhyň ähli döwürlerinde bolşy ýaly, biziň günlerimizde hem halklaryň birek-birek bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, kalplara ynam, köňüllere ylham çaýýan şamçyragdyr. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda beýik işleriň amala aşyrylýan hem-de baý döredijilikli durmuşyň gaýnap-joşýan taryhy eýýamynda medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklar has-da pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, hususan-da, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen gatnaşyklar ýylsaýyn pugtalandyrylýar. 

Türkmen medeniýetiniň, milli mirasymyzyň kanunçylyk binýady Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bilen berkidildi. Bu Kanunlara esaslanýan Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022­-nji ýylyň 8-­nji aprelinde çykaran Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-­medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-­de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028­-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilendigi we şol maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda bu kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň halkara we milli tejribeler esasynda kämilleşdirilmegi dowam etdirilýär. 

2023-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçirildi. Bu maslahatda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýän milli kanunçylygymyz raýatlaryň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny doly möçberde üpjün edýär. 

«Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji, 23-nji, 24-nji, 25-nji, 32-nji maddalarynyň mazmunlary kämilleşdirilip, täzeden beýan edildi. Kanunyň 20-nji maddasynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň amala aşyrýan işleri kesgitlenilen bolsa, Kanunyň 23-nji maddasynda seljerişiň obýektleri baradaky kadalar öz beýanyny tapýar. 

«Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ulgamyň işiniň döwrüň talabyna laýyk alnyp barylmagynda möhümdir.

 Şeýle ajaýyp döwürde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmäge, döredijilikli zähmet çekmäge döredilen mümkinçilikler we şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty

 baradaky komitetiniň agzasy.