Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
12.01.2024

WATAN ÝAŞLARYNA DAÝANÝAR

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy we okyjylara gowuşmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bosagasynda ähli halkymyza, aýratyn-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryna ajaýyp sowgat boldy. Bu kitabyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrynda geçirilen ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň dowam edýän günlerinde neşir edilmeginde-de uly many bar. Çünki döwlet Baştutanymyzyň ýiti zehininden dörän bu kitapda taryhyň gatlaryna altyn sahypa bolup ýazylan şanly ýylymyzda türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant bolan üstünlikleriniň jemi jemlenýär.

Mil­li Liderimiziň «Dowam bolsun!» atly ajaýyp şygrynda: «Durmuş bir kitap ýalydyr,// Her ýyl täze sahypasy» diýen dürdäne sözler bar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda biri-birinden zyýada gelýän ýyllar dünýäde ata Watanymyzyň, täze taryhy döwürde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyzyň abraý-mertebesini belende göterýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem di­ňe bir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasynda däl, merdana halkymyzyň, esasan hem, bagtyýar ýaşlarymyzyň kalbynda, hakydasynda baky orun alan ýyllaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň uly üstünlikler bilen jemlenýän günlerinde elimize gowşan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr. Kitabyň ilkinji sahypasynda döwlet Baştutanymyz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Bu sözleriň aňyrsynda ýaş nesle uly ynam bar. Döwletlilik ýolunyň tejribesi bar. 

Kitabyň her bir jümlesi ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge, durmuşyň her bir pursadynda çelgi bolup, Watana, halka hyzmat etmegiň, kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmegiň beýik nusgasyny salgy berýär. «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabynda nygtaýar.

 Eseriň bölümleriniň biriniň «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy» diýlip atlandyrylmagy biziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Çünki bu bölümde hormatly Prezidentimiz: «Şu günki ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen täze ruhly nesillerdir. Ýaşlar guramasy Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär» diýip, guramamyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýär. Şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan täze zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, halkara hyzmatdaşlykda ýaşlaryň işjeň­ligini artdyrmak, olaryň watançylyk duýgularyny ösdürmek, hemişe sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak, jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapmak ýaly wezipeleri amala aşyrmakda toplanan tejribeleri aýdyň beýan edýär. Mundan beýläk-de zehinli, ylma, çeper döredijilige ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, höweslendirmek bilen bagly anyk we möhüm wezipeleri öň­de goýýar. Kitapda, hususan-da, Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň tassyklamagynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze, rejelenen görnüşinde beýan edilýän we guramanyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: ynamly ädimler bilen beýik menzillere tarap» atly şygar astynda geçirilen VIII gurultaýynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňünde goýlan wezipeleriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda üstünlikli durmuşa geçirilendigi bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň guramagynda geçirilýän bäsleşiklere ünsi çekip, «Talyp joşguny», «Berkarar döwletiň merdana gerçekleri», «Talyp gözeli», çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarýan «Berkarar döwletiň ylham joşguny» ýaly bäsleşikleriň ähmiýeti dogrusynda belleýär. Hakykatdan-da, bu bäsleşikler döredijilige ýa­ňy gadam goýan ýaşlaryň durmuşynda ilkinji üstünlikleri getirip, olary täze döredijilik menzillerine atarýar. 

Bilşimiz ýaly, her ýyl ýurdumyzyň köp sanly öň­debaryjy ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşurylýar. Anyk maglumatlara ýüzlensek, ýaşlarymyzyň 2020-nji ýylda 47-si, 2021-nji ýylda 62-si, 2022-nji ýylda 75-si, 2023-nji ýylda bolsa 140-sy bu abraýly baýragyň eýeleri boldular. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda bu baýragyň ýaşlary geljekki uly üstünliklere ruhlandyrýandygyny nygtaýar. 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy dostlukly döwletleriň ýaşlar guramalary bilen özara tejribe alyşmak babatda sebitleýin we halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny hem alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde, guramamyzyň agzalary daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolýarlar, dünýä ýaşlary bilen tejribe alyşýarlar, halkara forumlara gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyl «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu barada döwlet Baştutanymyz kitabynda: «Biz Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny kabul etdik. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy onuň ilkinji miweleriniň biridir. Munuň özi Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny görkezýär» diýip belleýär. 

Röwşen geljege bildirilýän uly ynama, şu güne bolan belent buýsanja ýugrulan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby okap oturyşy­ňa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsi çekip, Ýaşlar guramamyzyň ýaş alymlary höweslendirmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha bermegi buýsançly duýgulary kalby­ňa doldurýar. Şeýle ajaýyp pursatlar mundan beýläk-de bu ugurdaky işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda, täzeçe guramaga, has netijeli häsiýete beslemäge bolan yhlasymyzy artdyrýar. 

Mahlasy, hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni ýaşlara, olaryň üstünliklerine bagyşlap ýazan ilkinji kitaby we ondaky gymmatly öwüt-ündewleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň öňünde geljekde-de işlerimizi ýokary guramaçylyk derejesinde, täzeçil usullarda alyp barmak ýaly belent wezipeleri goýýar. Bu halkymyzyň beýik geljegi üçin örän möhümdir. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, mukaddes Watanymyzyň daýanjydyr, halkymyzyň belent maksatlary nazarlaýan, uly ynam bildirýän nurana geljegidir. Bu ýolda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyna, eziz Watanymyzyň halkara gi­ňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlara ruhy goldaw, ähli halkymyza gymmatly gollanmadyr. 

Ýaşlara uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, aýdyň maksatly, beýik tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! Watanymyzyň daýanjy ýaşlara buýsanç bilen ýüzlenýän hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ilkinji ajaýyp kitabynyň höwri köp bolsun! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.