Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar. Täze taryhy döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler halkymyzyň abadan, asuda ýaşamagyna gönükdirilendir. Şu jähetden, öňde durýan wezipeler, geljegi nazarlaýan maksatlar has-da uly, has-da möhüm. Il bähbitli işleriň amal edilmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahaty wajyp orna eýedir. Çünki döwletiň iň möhüm meseleleri Halk Maslahatynyň mejlislerinde maslahatlaşylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni taýdan kuwwatlanmagy, halkymyzyň eşretli, erkana durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işler bimöçberdir. Bu ajaýyp özgertmeler Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan beýik işleriň miwesidir.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalara beslenýändigini buýsançly bellemelidiris. Şu ýylyň 18-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi, onuň geçiriljek senesi kesgitlenildi hem-de düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäklerinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan esasy ugurlara ünsi çekdi. Şunda, ilkinji nobatda, şu günüň derwaýys meseleleriniň oňyn çözgütlerini tapmak, ýaşlara bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň ösüşini ilerletmek, oba özgertmelerini işjeň häsiýetde alyp barmak, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak baradaky hasabatlary seljermek, aýdyň ösüşleri ýola goýjak täze teklipleri hödürlemek derwaýys işleriň biri bolup durýar.
Halkymyzda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen nakyl bar. Türkmençilikde her bir ediljek iş köpi gören, pähim-paýhasyň gönezligi bolan ýaşululara geňeşilipdir. Ýokarda agzalan mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi bilen bagly Karara gol çekmegi hem milli däplerimiziň dabaralanmasydyr. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýaşululara aýratyn sarpa goýulýandygynyň, halkyň jebisligini pugtalandyrmakda hem-de döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen, maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet we durmuş tejribesine daýanylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Uly toýuň — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda il-günümiziň, halkymyzyň durmuşyna oňyn täsirini ýetirjek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Biz — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem döwletimiziň barha ösmegine we kuwwatlanmagyna itergi berjek bu möhüm jemgyýetçilik wakany wagyz-nesihat etmäge mynasyp goşandymyzy goşarys.
Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Maral GARAGULOWA,
Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň
mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.