Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
12.01.2024

ALYSLARA UZAÝAN ÝAKYN GATNAŞYKLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýyly — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ilkinji günleri ýurdumyza hoş habarlaryň buşlugyny, hoşniýetli gatnaşyklaryň rowaçlanýandygynyň güwäsi bolan täzelikleri alyp geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary-da dostlukly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna şaýatlyk edýän wakalara beslendi. 

Bu günki gün oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat netijesinde Birleşen Arap Emirlikleri bilen däp bolan dostlukly hyzmatdaşlyklarymyz hil taýdan täze derejä çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurduň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynyň barşynda: «Birleşen Arap Emirlikleri biziň dostumyzdyr, ygtybarly ykdysady we söwda hyzmatdaşymyzdyr, häzirki döwrüň köp sanly örän möhüm soraglaryny çözmekde pikirdeşimizdir» diýen sözleri hem bu aýdylanlara şaýatlyk edýär. Energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar, ylym, medeniýet, sport ýaly ugurlar boýunça barha giň gerim alýan gatnaşyklaryň rowaç almagynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň orny uludyr. 

Bu günki gün nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biri bolup durýar. Şol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýurdumyz dünýäniň uglewodorod serişdelerini gözlemek, özleşdirmek we çykarmak bilen meşgullanýan öňdebaryjy kompaniýalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Dubaý şäherinde «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen geçiren duşuşygynyň barşynda-da ýyllaryň dowamynda ygtybarly häsiýete eýe bolan şol gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ajaýyp zamanamyzda «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan Diýarymyz dünýäniň abraýly kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda iş saparynyň barşynda «Dubai Aviation Corporation» (Flydubai) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşygy hem aýdyň görkezdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada BAE bilen yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýan ilkinji ýurtdugy barada aýdylanlar hem gatnaşyklaryň turuwbaşdan ynanyşmak häsiýetine eýe bolandygyny subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki iş saparynyň bu gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltjekdigine «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen «First Abu Dhabi Bank» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi hem şaýatlyk edýär. 

Aşgabat bilen Abu-Dabiniň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak baradaky ylalaşygyň gazanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň ajaýyp miweleriniň biridir. Bu ylalaşyk netijesinde ilkinji gatnawyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary bilen amala aşyrylmagy-da gatnaşyklaryň tizliginiň has ýokary derejä göterilýändiginiň buýsanç duýgusyny kalba doldurýar. 

Her bir günümizi bagtyýarlyga, dost-doganlyk ýollarymyzy ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.